Ï Aşgabatda ýapon filmleriniň festiwaly açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda ýapon filmleriniň festiwaly açyldy

view-icon 3636
Aşgabatda ýapon filmleriniň festiwaly açyldy
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ýola goýlan VII ýapon filmleriniň festiwalynyň açylyş dabarasy bolup geçdi. Bu çäre paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň arasynda uly gyzyklanma döretdi.

Festiwal Ýaponiýanyň Hokkaýdo adasynyň tagam taýýarlama aýratynlyklary barada gürrüň berýän «Semawi restoran» filmi bilen açyldy. Ýapon režissýory Ýosihiro Fukagawa tarapyndan surata düşürilen bu film 2019-njy ýylda kinoteatrlara çykypdy.

Bu ýylky film festiwalynyň maksatnamasyna «Diňe pişik bilýär» filmi we Takesi Ýasironyň multiplikasion filmleri hem girdi. Filmler 16-njy dekabrda 18:00-da we 17-nji dekabrda 13:00-da görkeziler.

23-nji dekabrdan başlap, ýapon filmleriniň festiwaly ilkinji gezek Türkmenbaşy şäherinde dowam eder, ol ýerde ýaňy ady agzalan iki film görkeziler. Ýapon kinoçylary tarapyndan döredilen filmler iňlis we rus dillerindäki setirasty terjime bilen berilýär. Filmleriň hemmesine-de giriş mugt.

Türkmen ýaşlarynyň Ýaponiýanyň medeniýeti, esasanam, bütin dünýäde meşhur bolan kinematografiýa we ýapon multiplikasiýasy bilen gyzyklanýandygyny bellemelidiris. Ýurdumyzda ýapon dilini öwrenýän talyplaryň sany ýylsaýyn artýar.

Ýakynda Ýaponiýanyň ilçihanasynyň wekilleri Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirilen «Ýapon dili klubuna» gatnaşdy. Türkmen raýatlarynyň ýapon dilini özleşdirmekde gazanan üstünliklerinden ýakymly täsir alan Ýaponiýanyň ilçihana işgärleri öz ýurtlarynyň medeniýetine bolan gyzyklanmany goldamaklaryny mundan beýläk-de dowam etdirjekdiklerine söz berdiler.