Türkmen döwlet sirkinde «Erteki» atly Täze ýyl çykyşy görkezilýär. Täze ýyl terzinde bezelen sirk meýdançasyna Böwenjik, Ýartygulak we adam boýly gurjaklar bilen bilelikde Aýazbaba girýär. Eýsem, Garpamyk nirede? Garpamyk ähli islegleri ýerine ýetirýän altyn balyjagy getirmek üçin gidipdir, ol sagat 24:00-da gaýdyp geler. Zandyýaman Betpäl muny bilip, altyn balygy onuň elinden almakçy bolýar. Sirk artistleriniň çykyşlarynyň arasyndaky sahnada kä altyn balyjakly Garpamyk, käte-de gülkünç hereketler edýän Betpäl peýda bolýar.
Şu ikarada howa gimnastikaçysy Liliana Ýusupowa hut sirk gümmeziniň ýanyna uçup baryp, howply oýunlary aňsatlyk bilen birgeňsi ýerine ýetirýär. Ol özüni howa giňişligi onuň tebigy mekany ýaly alyp barýar. Ýöne tomaşaçylar bu edermen gimnastikaçynyň her bir hereketine demlerini alman tomaşa edýärler.
Darbaz Lukman Garajaýew-de ähli tomaşaçylary haýran etdi. Ol ilki «Hozdöwer» ertekisindäki jadylanan şazadanyň – «hozdöweriň» keşbinde batyrgaýlyk bilen meýdançada aýlandy, tanapyň üstüne çykandan soň bolsa, başaşak durup, aýaklary bilen göz öňüne getirip bolmajak şekilleri «çyzdy». Iki metr beýiklikde çekilen simiň üstünde başga bir howa gimnastikaçysy Medine Baýramdurdyýewa eserdeň ädimler bilen ýöräp gelýär. Sirk orkestriniň «howsalaly gümmürdisi» astynda Medine tomaşaçylarda aç-açan tolgunma döredip, «kendir» bolup oturýar.
Ýaş žonglýor Resul Serdarow tomaşaçylara eliniň çeýeligini görkezdi. Ýalpyldawuk çüýşedir halkalar belli bir tertipde howa uçýardylar we geçmeli ýoluny tamamlap, Resulyň göni eline gaýdyp gelýärdiler.
Gülkünç maýmynlar agyz-burunlaryny oýnadyp we hereketleri bilen, aýratynam howply ýerden ýoldaşyny zemmer üstünde alyp barýan lukmanlara öýkünýän hereketleri bilen tomaşaçylary gözleri ýaşarýança güldürdiler. Bir maýmyn tapawutlandy: ol tälimçi Liliana Ýusupowanyň «höweslendiriji» jübüsine el ýetirip, özüni aňrybaş hezzetledi.
Täze ýyl çykyşy haýwan «artistleri» bilen doludy – onda maýmynlardan başga-da kepderiler, itler, kürreler, poniler we düýeler bardy. Ýeri gelende aýtsak, düýeli çykyşy «Ýedigen» sirk tans ansamblynyň gyzlary owadan bezediler, olar her çykyşdan öň sahnada peýda bolýardylar, özem, adatça, täze kaşaň lybaslarda.
Serdar Baýramdurdyýew baş öwredijiniň zehinini ajaýyp suratda görkezdi. Ol şägirdi – kindiwan tohumly poni bilen sahnanyň erňeginde oturdy-da, alty taýy ýatyrdy, tomaşaçylaryň öňünde gol gowşuryp duran atyň sagrysynda durup, tomaşaçylara salam berdi.
Serdar kakasy Pygy Baýramdurdyýewiň sungatyny dowam etdirip, at münmegiň iň ýokary mekdebi bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna ýolbaşçylyk etdi. Sirk çykyşynyň ikinji bölümi tutuşlygyna türkmen çapyksuwarlarynyň at üstündäki ezber oýunlaryna bagyşlandy. Tirkiş Rejebowyň ýolbaşçylygyndaky sirk estrada-simfonik orkestriniň at oýunlarynda türkmen halk sazlarynyň bir görnüşini ulanmagy häsiýetlidir. Däp bolşy ýaly, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy elleri Türkmenistanyň al-elwan pasyrdaýan Döwlet baýdakly ajaýyp üç sany atly piramida bilen tamamlandy.
Şu ýerde söhbetimize nokat goýmak-da bolardy, ýöne çykyş – Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanandy, şonuň üçin ýene-de sahna Aýazbaba çykýar, özi-de bu gezek eli altyn balykly Garpamyk bilen bile çykýar. Täze ýylyň erteki gahrymanlary tomaşaçylara we ähli türkmen halkyna 2024-nji ýylda täze üstünlikler, bagt we saglyk arzuw etdiler. Olaryň gutlagyny bu şatlykly çykyşa gatnaşanlar bir adam ýaly bolup goldady.