Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy we Türkmen döwlet medeniýet instituty «Magtymguly Pyragy – ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitap sergisi guraldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Serginiň açylyş dabarasynda çykyş edenler görnükli şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň häzirki wagtda ýaş nesli terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Onuň döredijiligi, şahyrana eserleri hakyky gymmatlyklary ynsanperwerligi, watançylygy açyp görkezmek bilen giň dünýägaraýyşly şahsyýetleri terbiýeleýär.
Mundan başga-da, çärä gatnaşanlar Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ruhy päklige, ahlaklylyga, edeplilige, agzybirlige çagyrýandygy we döwürdeşlerimiz üçin ruhy gollanmadygy barada gürrüň etdiler.
Sergi golaýdaky umumy bilim berýän edaralaryň okuwçylarynyň we şäheriň ýaşlarynyň arasynda uly gyzyklanma döretdi.