Ï «Özgertmeleriň waspy» – nusgawy sazlary halaýanlar üçin täze ýyl sowgady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Özgertmeleriň waspy» – nusgawy sazlary halaýanlar üçin täze ýyl sowgady

view-icon 4511
«Özgertmeleriň waspy» – nusgawy sazlary halaýanlar üçin täze ýyl sowgady
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň ýerine ýetirmeginde nusgawy sazlaryň konserti boldy.

Ýerine ýetiriji konsertine näme üçin şeýle ady saýlap aldyka? Häzirki pursatda «wasp» diýmek özgertmeleriň waspy bolmak bilen – saz žanrynyň waspy göz öňünde tutulyp, şonda ol bir äheňde, mukamynda, sazlaşyklykda özgerdilen görnüşde birnäçe gezek beýan edilýär. Konsert maksatnamasyna laýyklykda, Gaýdnyň, Mosartyň, Bethoweniň, Gendeliň we Bramsyň meşhur eserleri ýerine ýetirildi.

Biz Wladimir Sergeýewiç bilen üstünligini gutlamak we birnäçe sowallary bermek üçin konsertden soň duşuşdyk. Esasy sowalymyz «Türkmenabat we Mary şäherlerindäki orta saz okuw mekdeplerinde «Özgertmeleriň waspy» konsertleriňiz nähili geçdi?» diýen mazmunda boldy.

– Gowy geçdi – diýip, pianinoçy jogap berdi. – Talyplar, mugallymlar we nusgawy sazlary halaýanlar meniň ýerine ýetirijilikli döredijiligim bilen tanyş. Mümkin bolşuna görä, men Watanymyzyň şäherlerinde konsertlerim bilen çykyş etmäge çalyşýaryn. Şu ýylyň aprel aýynda maňa diňe Türkmenabatda we Maryda däl, eýsem, Daşoguz şäherinde-de Rahmaninowyň 150 ýyllygyna bagyşlanan monografik maksatnama bilen çykyş etmek başartdy. Meniň pikirimçe, näçe köp adamyň ýazgydaky däl-de, janly şekilde sazlary diňlemäge mümkinçiliginiň bolmagy örän möhümdir. Her täze maksatnama diňleýjini bolşy ýaly, ýerine ýetirijiniň özüni-de galkyndyrýar. Ýygy-ýygydan hoşallyk bildirilýän, ýene-de gelmek baradaky sözleri eşidýärsiň. Biziň halkymyz örän duýguly we myhmansöýer halk.