Ï Täze ýyl baýramçylygy Gadam Kakabaýewiň ertekileri bilen garşy alnar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze ýyl baýramçylygy Gadam Kakabaýewiň ertekileri bilen garşy alnar

view-icon 4914
Täze ýyl baýramçylygy Gadam Kakabaýewiň ertekileri bilen garşy alnar
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda çagalar üçin Täze ýyl çykyşlary başlandy. Ýaş tomaşaçylara dramaturg Gadam Kakabaýewiň iki ertekisi garaşýar. «Täze ýyl ertekisi» teatryň baýramçylyk mynasybetli üýtgedilen içki işigindäki arça agajynyň ýanynda, «Sen – maňa, men – saňa» ertekisi bolsa tomaşa zalynda görkezildi. Köpüsi erteki gahrymanlary ýaly geýnen oglan-gyzlar arça agajynyň daşyna tegelenişip, «Täze ýyl ertekisinden» alnan bir hekaýatyň gahrymanlaryna gyzyklanma bilen tomaşa etdiler.

Goja mekdepde okaýan gyz agtyklary, pişik, it, eşek we düýe bilen Täze ýyla taýynlyk görüp başlaýar. tilkidir möjek-de bu barada bilip, baýramçylyga gatnaşmak üçin Aýazbaba we Garpamyk ýaly geýinýärler. Emma çagalar gaty akylly we aldawçylary derrew paş edýärler. Tizara hakyky Aýazbaba we Garpamyk gelýär. Saz çalnyp başlanýar we erteki gahrymanlarynyň ählisi çagalar bilen bilelikde arça agajynyň daşyndan aýlanyp, tans edip başlaýarlar.

Aýazbabanyň: «Kim goşgy okamak ýa aýdym aýtmak isleýär?» diýen soragyna şeýle bir köp isleg bildiren boldy welin, çagalar tas «Sen – maňa, men – saňa» oýnuna gijä galypdylar. Sahnada-da iki sany dogan gaplaňjyklar hakynda gyzykly oýun oýnaldy, ol ertekiniň ähli gahrymanlarynyň arasyndaky dostluk bilen tamamlandy.

Bize diňe «Täze ýyl ertekisini» režissýor Bilbil Mämmedowyň, «Sen – maňa, men – saňa» ertekisini bolsa Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýewiň goýandygyny aýdaýmak galýar. Teatryň döredijilik topary uly ýaşly tomaşaçylar üçin Täze ýyl konsertini taýýarlady. Bu repertuar 30-njy dekabra çenli dowam eder, çagalar bolsa Gadam Kakabaýewiň ertekilerine gyşky dynç alyşlarynda tomaşa edip bilerler.