Ertekileriňdir meşhur hekaýatlaryň gahrymanlary we elbetde, Aýazbaba Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň geçiren Täze ýyl çäresiniň myhmany boldy.
Bezemen geýnen, parlak baýram lybasly oglan-gyzlar Täze ýyl arçasynyň töwereginde tans etdiler, köp gyzykly oýun oýnadylar we labyzly goşgy okamak ukyplaryny görkezdiler.
Köplenç ýaşajyk okyjylar bu ýere çeper edebiýat we erteki okamak üçin gelýärler. Olaryň köpüsi göwünlerine ýaran ertekilerinidir hekaýatlaryny ýatdan bilýärler we okan kitaplarynyň mazmunyny deň-duşlaryna höwes bilen gürrüň berýärler.
Kitaphanaçylar bu ýere täze okyjylary çekmäge we dürli sergileri, bäsleşikleri we ýazyjylar bilen döredijilik duşuşyklaryny ýola goýmak arkaly hemişe gelýän çagalaryň boş wagtlaryny dürli peýdaly işlere gönükdirmäge çalyşýarlar.
– Hut şu wagt kitaphanamyzyň kiçi ýaşly çagalar bölüminde olaryň çeken erteki gahrymanlarynyň surat sergisi geçýär – diýip, bölüm müdiri Gulýa Täşliýewa gürrüň berýär. – Iň gowy işler diwarlykda görkezilendir. Çagalar bölümi 1-nji synpdan 4-nji synpa çenli ýaş okyjylary ähli zerur edebiýat bilen üpjün edýär. Şeýle hem, biz işden daşary hyzmatlary işjeň hödürleýäris we kitaphanany ýaş ulanyjylara has ýakynlaşdyrmak üçin mekdebe çenli çagalar edaralaryna-da barýarys.
Täze ýylyň öňüsyrasynda iň ýaş okyjylara hödürlenen şatlykly baýramçylyk çäresi çagalar üçin uly sowgat boldy. Çärä gatnaşanlaryň hemmesi Aýazbabadan süýji sowgat aldylar we indiki ýyl, mümkin boldugyça, köp täze gyzykly kitap okamagy wada berdiler.