Ï «Çopan ýapynjasy» sahna oýnunda söýgi we sadyklyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Çopan ýapynjasy» sahna oýnunda söýgi we sadyklyk

view-icon 4156
«Çopan ýapynjasy» sahna oýnunda söýgi we sadyklyk
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Sahnada Türkmen döwlet medeniýet institutynyň aktýorlyk fakultetiniň üçünji ýyl talyplarynyň oýnaýandygyna ynanmak kyndy – olar Osetiýanyň Georg Hugaýew drama teatrynyň «Çopan ýapynjasy» sahna oýnuny diýseň ussatlarça ýerine ýetirdiler.

Bu netijäniň köp düzüm bölegi bar. Birinjiden, dramanyň mowzugynyň özi örän ýiti, ikinjiden, oýny osetin dilinden türkmen diline uly mugallym, özi-de režissýor Aýmämmet Işangulyýew terjime edipdir. Talyplar gahrymanlaryň keşplerine şeýle bir çuňňur girmek bilen, olary sahnada ajaýyp görnüşde ýerine ýetirdiler.

Režissýoryň gyzykly pikiri – bezegsiz sahnada ähli aktýorlar gara geýimli. Olaryň ýüzlerinde kimiň nämedigini aňladýan nikaplar ýokdy. Emma ümlerinden we yşaratlaryndan iti, eşegi, möjekleri, guzyny, tilkini tanamak kyn däldi. Bu işde mugallym Gülruh Atdaýewanyň goýan tanslarynyň hyzmaty uly boldy.

Yslam Nurmämmedowyň saýlap alan sazy ýerine düşüpdir, esasanam, ýas baglap, sadyklygy we wepalylygy beýgeldýän güýçli ýagtylyk sütüni jaýlanan itiň mazarynyň üstünden inýän soňky sahnada tüýs ýerine düşüpdir.

«Çopan ýapynjasy» sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda uly üstünlik bilen geçdi. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarydyr mugallymlary bu gadymy tymsaly ajaýyp suratda görkezen üçünji ýyl talyplaryny dowamly el çarpyşmalar bilen sahnada uzak sakladylar.