Täze ýyl baýramynda «Watan» kinokonsert merkezinde Röwşen Nepesowyň orkestriniň konserti boldy. Konsert maksatnamasy meşhur türk teleseriallarynyň sazlaryndan ybaratdy. Bu maksatnamany taýýarlaýarka, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesow türk seriallaryna dürli ýurtlarda ýarym milliarddan gowrak adamyň tomaşa edýändigine göz ýetirdi. Türk kinosynyň meşhurlygy tolgundyryjy ýordumlarda, aktýorlaryň zehininde, režissýorlaryň tomaşaçyny hemişe dartgynly ýagdaýda saklamak başarnygynda we elbetde, ekrandaky gahrymanlaryň hereketlerine hemra bolýan saz ýazgylarynda jemlenýär. Şu zatlar-da dirižýor hem kompozitory konserti guramaga iterdi.
Şeksiz meşhurlyk gazanan «Ajaýyp asyr» filminiň sazynyň ilkinji kakuwlaryndan tomaşaçylar şowhunly el çarpdylar. Söýgüli gahrymanlara durmuşlarynyň ykbal çözüji – dabaraly ýa näumyt pursatlarynda orkestriň «janly» sazy ýoldaş boldy.
Konsert maksatnamasynda «Hercai», «Erkenci Kuş», «Çukur», «Kara Sevda», «Çalikuşu», «Kuruluş Osman» we başga filmleriň sazlary ýaňlandy. Her gezegem ýaňlanýan saz tomaşaçylara ekranda bolup geçýän wakalary kalba siňdirmäge kömek edýärdi.
Konsert maksatnamasyndaky iň soňky saz – «Kiralik sevda» serialynyň sazy ýerine ýetirilenden soň, dirižýor: «Haýsy sazy gaýtalaly: «Ajaýyp asyrymy», «Çaly kuşunymy», «Gara söýginimi?» diýip, tomaşaçylara ýüzlendi. Galdyrylan el sanyna görä, «Gara söýgi» ýeňiji boldy we ýene-de tomaşaçylar orkestriň kömegi bilen tolgundyryjy wakalary göz öňüne getirdiler.
Röwşen Nepesowyň orkestriniň ýerine ýetiren türk filmleriniň sazlary tomaşaçylara çuňňur lezzet berdi. Tomaşaçylar bilen hoşlaşanda, Röwşen Nepesow mähirli garşylanandygy üçin olara minnetdarlyk bildirdi we: «Gynansak-da, konserte gelmek islänleriň hemmesine bilet ýetmändir, ýöne olar gynanmasynlar, biz hökman konserti gaýtalarys» diýdi.