Ï Daşary ýurtly myhmanlar Aşgabatda moda görkezilişini synladylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary ýurtly myhmanlar Aşgabatda moda görkezilişini synladylar

view-icon 6544
Daşary ýurtly myhmanlar Aşgabatda moda görkezilişini synladylar

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty tarapyndan Aşgabat şäheriniň häkimligi we paýtagtyň modalar öýi bilen bilelikde guralan esasy türkmen modelýerleriniň taýýarlan lybaslarynyň görkezilişi hepdäniň esasy ara alnyp maslahatlaşylan wakasy boldy.

Gözden geçiriliş sahnasyna ilki bilen ýurdumyzyň meşhur sungat işgärleri, döredijilik hünärleriniň wekilleri hem-de olaryň daşary ýurtly kärdeşleri geldiler. Myhmanlaryň hatarynda «Route De La Soie Et Al-Andalus» fransuz modalar assosiasiýasynyň prezidenti, «Oriental Fashion Show» atly moda görkezilişini guraýjy Hind Žudar, suratçy Žak Tamosini hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa bar.

«Aşgabat», «Mähirli Zenan», «Nur Ýüpek» we «Peýker» modalar öýleriniň dizaýnerleri ýurdumyzyň baş modalar meýdançasynda milli äheňde döredilen täze toplumlaryny görkezdiler.

Mundan başga-da, taýýar egin-eşik nusgalarynyň çäklerinde «Dizaýn plýus» döredijilik birleşmesiniň ussat tikinçileriniň taýýarlan önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Myhmanlar we çärä gatnaşyjylar milli öwüşginlerde el bilen döredilen özboluşly işler bilen tanyşdylar.

Türkmen moda ulgamy işjeň ösýär. «Made in Turkmenistan» atly ençeme brendler halkara derejesine çykyp, dünýäniň moda sahnasyny özüne çekýär. Şunda 2023-nji ýyl wakalara baý bolup, ýurdumyzyň dizaýnerleri özleriniň iň gowy toplumlaryny Italiýada, Parižde we Russiýada üstünlikli görkezdiler. 

Bularyň ählisi Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça edarasynyň (ÝUNESKO) döredijilik şäherleriň toruna «Dizaýn» derejesinde girizilen Aşgabadyň giň mümkinçiligine şaýatlyk edýär. Şu günler geçirilýän çäreler hem bu ulgamy ösdürmäge, paýtagtymyzyň dizaýnerçilik mümkinçiligini wagyz etmäge hem-de döredijilik ulgamynyň işgärleri üçin täze mümkinçilikleri açmaga gönükdirilendir.