Ï Aşgabatda «Grinç» mýuzikliniň ilkinji görkezilişi boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda «Grinç» mýuzikliniň ilkinji görkezilişi boldy

view-icon 5468
Aşgabatda «Grinç» mýuzikliniň ilkinji görkezilişi boldy
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Nebit-gaz toplumynyň Medeniýet merkezinde «Alba» aýdym-saz topary amerikaly ýazyjy Doktor Sýuzyň adybir ertekisi esasynda «Grinç» täze ýyl ertekisiniň sazy ýaňlandy.

«Grinç» täze ýyl ertekisi täze «Alba» döredijilik toparynyň ilkinji çykyşydyr. Topar iki altçy – Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň 4-nji ýyl talyby Atageldi Rozyýew bilen 3-nji ýyl talyby Kowus Bäşimowyň söhbetdeşliginden döredi.

Altçylar:

Saz žanry hökmünde «mýuzikl» ýurdumyzda entek meşhur däl, eger ol ýygy-ýygydan, köpräk we hemişe ýerine ýetirilse gowy bolmazmy?! Täze ýyl ýetip gelýärdi, bize Täze ýyl ertekisi gerekdi. «Grinç», şeýle hem ony ýerine ýetirýän Döwran Şammyýew ýadymyza düşdi – diýdiler.

Mýuzikl goýmak aňsat däl, onda-da öňden tejribäň ýok bolsa. Atageldi bilen Kowusyň ýüz tutanlarynyň hemmesiniň kömegi bilen iş bitdi duruberdi. Saza aranžirowka edildi, librettosy düzüldi, gahrymanlaryň eşikleri tikildi, synaglarda saýlanan çagalar hor aýdymçysy we horeograf bilen taýýarlyk geçdiler, soň bolsa olaryň ýerine uly ýaşly aktýorlar geldiler.

Sahna çykmazdan ozal tolgunýardyk, bolsa-da azabymyz ýerine düşdi. Çagalar we uly ýaşly tomaşaçylar baýramçylygyň ruhuny görkezýän ertekä gowy baha berdiler. Tomaşaçylar tans oýnaýan we aýdym aýdýan artistleriň çykyşyny şowhunly el çarpyşmalar bilen gutladylar.

  • Indi onuň dowamy bolarmy? – diýip soradyk.

– Hökman bolar! – diýip, Atageldi Rozyýew jogap berdi. – «Leýli-Mejnun» dessanyny estrada geçirmegi pikir edýäris, şeýle hem «Aladdin» mýuzikllerini goýmak niýetimiz bar.

Hem okaýan, hem sahnada ukybyny ulanmagy başarýan zehinli, başarjaň ýaşlarymyza buýsanýarys. Ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler olaryň maksatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ähmiýeti uludyr.