Ï Türkmenistanda sirk sungatynyň ösmegine täze itergiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda sirk sungatynyň ösmegine täze itergiler

view-icon 5420
Türkmenistanda sirk sungatynyň ösmegine täze itergiler

Türkmenistanda Döwlet sirklerine we aýry-aýry sirk döredijilik toparlaryna «Milli» diýen hukuk derejesini bermegiň tertibi hem şertleri tassyklandy.

Türkmenistanyň «Medeniýet hakyndaky», «Sirk we sirk sungaty hakyndaky» Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentimiziň gol çeken degişli Karary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň sirk sungatyny has-da kämilleşdirmäge, sirk işiniň ösüşini goldamaga gönükdirilendir. Bu resminama sirk sungatyny ösdürmegiň kanuny esaslaryny berkidýär we sirk sungatynyň ösmegine täze itergi berýär. Bu sungat döwlet Baştutanymyzyň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde, soňky ýyllarda hakyky galkynyşy başdan geçirýär we halkara derejesinde giňden ykrar edilýär.

Şeýlelikde, milli sirk sungatynyň maddy we tehniki binýadyny berkitmek maksady bilen, Türkmenistan Döwlet sirkiniň binasynyň durkuny hemmetaraplaýyn täzelemek işleri geçirildi we ol tehniki taýdan has çylşyrymly çykyşlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredýän häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Arkadag şäherinde Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki guruldy. Bu ýerde geçen ýylyň sentýabr aýynda açylan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň geljekki uçurymlary öz ukyplaryny we bilimlerini görkezerler. Häzirki zaman kompýuter, multimediýa we beýleki zerur enjamlar bilen üpjün edilen bu ýokary okuw mekdebiň düzümine sirk işi üçin işgär taýýarlaýan sahna sungatlary we edebi döredijilik (taýýarlygyň ugurlary: sirk sungaty) fakulteti-de girýär. Akademiýanyň çäginde at üstündäki milli oýunlaryň çykyşlaryny guramak, şeýle hem atçylyk sportunyň dürli görnüşleri boýunça türgenleşik geçmek üçin ähli şertleri bolan 315 orunlyk üsti ýapyk meýdança bar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Ahal teke atçylyk toplumynyň köp sanly halkara baýrak gazanan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň «Türkmen jigitleri» topary dünýäniň köp ýurtlarynda türkmen sirk sungatynyň özboluşly ajaýyp keşbini görkezýär. Owadanlykda we nepislikde taýsyz «goşa ganatly» bedewiň üstünde oýun görkezmek sungaty aňrybaş çylşyrymly emeller ýerine ýetirilende geýilýän kaşaň lybaslar we çuňňur duýgur, gujurly türkmen artistleriniň çykyşlarynyň haýran galdyryjy tomaşasyny döretmek bilen, sirk sungatynyň bilermenlerine, žurnalistlere we tomaşaçylara özüni ykrar etdirýär.

2013-nji ýylyň oktýabr aýynda Moskwada geçirilen Bütindünýä sirk sungaty festiwalyndaky ilkinji dabaraly çykyşdan başlap, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary dünýäniň dürli ýurtlarynda geçen halkara ýaryşlarda baş baýraklara mynasyp bolmak bilen, Ýer ýüzünde ýeňişli ýörişini dowam etdirdi. Häzirki wagtda toparyň ýigitleri 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Monakonyň Monte Karlo şäherinde geçiriljek 47-nji Halkara sirk festiwalyna gatnaşmak üçin özboluşly maksatnama taýýarlaýarlar. Festiwalyň guramaçylyk komiteti türkmenleri dünýäniň iň gowy atşynaslarynyň biri hasap etmek bilen, dünýä derejesindäki bu abraýly tomaşa gatnaşmagy teklip edip, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna resmi çakylyk berdi.