Ï 2024-nji ýylda Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň çäreleriniň merkezi bolar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2024-nji ýylda Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň çäreleriniň merkezi bolar

view-icon 5665

Stambulda Türkiýäniň Parlament assambleýasynyň, Halkara türk akademiýasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň, şeýle hem halkara türk medeniýeti we mirasy gaznasynyň gatnaşmagynda Türki Döwletleriň Guramasynyň utgaşdyryjy komitetiniň dördünji mejlisi geçirildi.

Mejlisde bu guramalaryň geçen ýylda alyp baran işleriniň netijeleri jemlenip, 2024-nji ýyldaky iş meýilnamalary, şol sanda Ženewada geçirilmegi meýilleşdirilýän Türki dünýäsiniň hepdeliginiň çärelerine garalyp geçildi.

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Soltan Raýew duşuşykda çykyş edip, bu guramanyň 2024-nji ýylda 15-den gowrak ýurtda 150 töweregi çäräni geçirmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Medeni gatnaşyklaryň gerimini giňeltmekde Türkmenistan bilen bilelikde guralmagy meýilleşdirilýän çärelere möhüm orun berilýär. TÜRKSOÝ-yň Hemişelik Geňeşiniň 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan edendigini ýatlatmak bilen, Soltan Raýew, ýygnakda wekilçilik eden guramalaryň her birini Magtymguly Pyragy ýylynyň çäginde guralan dürli çärelere gatnaşmaga we olara goldaw bermäge çagyrdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Änew şäheriniň şu ýyl Türki dünýäniň medeni paýtagty bolandygy bellendi. Şonuň üçin TÜRKSOÝ köp çäresini, şol sanda däp bolan çäreleri-de Türkmenistanda geçirer. Soltan Raýewiň aýtmagyna görä, bu gurama türki dünýäniň medeni paýtagty ady bilen Türkmenistanyň medeni gymmatlyklaryny bütin dünýäde wagyz etmek boýunça möhüm meseläni öz üstüne alýar.

TÜRKSOÝ-yň başlygy öz çykyşynda şu ýyl Nowruz baýramyny has dabaraly we giň gerimde bellemek niýetini, şeýle hem türk dünýäniň ýolbaşçylarynyň döredijiligine we mirasyna, opera, teatr we kino pudagynda bilelikdäki oýunlaryň goýulmagyna bagyşlanan dürli taslamalary, guramanyň agza ýurtlarynyň arasynda ýaş suratkeşlere we türki dünýäniň ýaşlar hereketine goldaw bermek babatynda dürli taslamalary agzady. Şu ýyl meýilleşdirilýän gastrollaryň çäginde sungat söýüjilerini TÜRKSOÝ ýaşlar orkestri, hor we halk saz gurallary orkestri bilen tanyşdyrmak meýilleşdirilýär.