Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asyrlardan aşyp gelýän egsilmez taryhy, medeni-ruhy mirasyny, halk döredijiligini, onuň bitewi sazlaşygyny, milli joşgunyny aýdyň şöhlelendirip, döwrebap öwüşginlere beslenen bäsleşik täsirli, şowhunly geçdi. Onuň geçen ýerinde amaly-haşam sungatynyň, nusgalyk el işleriniň we sungatyň beýleki görnüşleriniň sergisi hem guraldy.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň buýsançly, şanly çäreleriniň nobatdaky gezek üstüni ýetiren welaýat bäsleşigine Günbatar sebitiň ähli etraplardyr şäherleriniň medeniýet bölümleriniň tans toparlary gatnaşdylar. Welaýat merkezi Balkanabat şäheriniň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde geçen bu bäsleşik Balkan welaýat medeniýet müdirligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi tarapyndan bilelikde guraldy.
«Tans-folklor dessury halkyň heňidir, beýik söz ussady Magtymguludyr» atly bäsleşigiň dowamynda ýaýbaňlandyrylan çykyşlar milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň, halk döredijiliginiň döwrebap öwüşginlerde has kämilleşendiginiň mizemez subutnamasyna öwrüldi. Bäsleşige gatnaşyjy toparlar milli aýdymly tansy halk äheňinde ýerine ýetirmek, folklordan parçalary görkezmek, toý däp-dessurlarymyzy, bagtyýarlyk ýörelgelerimizi täzeçe röwüşlerde janlandyrmak ýaly şertler boýunça özara bäsleşdiler.
Baý mazmuna, bimöçber ähmiýete eýe bolan bäsleşigiň jemi boýunça onuň ilkinji şertinde welaýatyň Gyzylarbat etrabynyň medeniýet bölüminiň «Misserian» tans topary baş baýraga mynasyp boldy. Birinji, ikinji, üçünji orunlary bolsa degişlilikde Türkmenbaşy, Balkanabat şäherleriniň hem-de Esenguly etrabynyň medeniýet bölümleriniň döredijilik toparlary eýeläp, öňe saýlandylar. Bäsleşigiň ikinji şertinde hem Balkanabat şäheriniň medeniýet bölüminiň döredijilik topary üstün çykyp, baş baýragy eýeledi. Şeýle-de, Esenguly, Bereket, Magtymguly etraplarynyň medeniýet merkezleriniň tans, folklor toparlary baýrakly orunlary elden gidirmän, ýeňiş gazanmagy başardylar.
Ýeňijilere welaýat bäsleşiginiň guramaçylary tarapyndan degişli baýraklar gowşuryldy.