Ï Eziz Diýarymyzda şu ýylyň mart aýynda geçiriljek aýdym-sazly dabaralara we çärelere taýýarlyk görülýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Eziz Diýarymyzda şu ýylyň mart aýynda geçiriljek aýdym-sazly dabaralara we çärelere taýýarlyk görülýär

view-icon 3608
Eziz Diýarymyzda şu ýylyň mart aýynda geçiriljek aýdym-sazly dabaralara we çärelere taýýarlyk görülýär

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyň mart aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň tertibi barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň belleýşi ýaly, geljek aýda dürli maslahatlary, duşuşyklary, mediaforumlary, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri we aýdym-sazly dabaralary, gezelençleri guramak, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek göz öňünde tutulýar. Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli surata düşürilen kino we dokumental filmleri görkezmek meýilleşdirilýär. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri we dabaralar guralar. «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda, «Nowruz ýaýlasynda», Arkadag şäherindäki baýramçylyk meýdançasynda Milli bahar baýramy mynasybetli dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly metbugat maslahatyny guramak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guraljak çärelere badalga bermek dabarasyny geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan Meýilnama laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 26-njy martynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda bu waka mynasybetli guraljak çärelere badalga bermek dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Dabaranyň çäklerinde türki halklaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda birnäçe çäreleri, konserti, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň hem-de fotosuratçylaryň eserleriniň sergisini, halkara ylmy maslahaty, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň döwlet we milli muzeýleriniň ýolbaşçylarynyň maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda metbugat maslahatyny guramak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Änew şäheriniň gadymy taryhynyň bardygyny nygtady. Bu taryh halkymyzyň geçmişi bilen berk baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Änewiň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara derejeli çäreleriň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.