Ï Paýtagtymyzda Izzat Möwlanowyň konserti boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzda Izzat Möwlanowyň konserti boldy

view-icon 3817
Paýtagtymyzda Izzat Möwlanowyň konserti boldy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Ýurdumyzda «Watan» kinokonsert merkezinde meşhur özbek kompozitorlary Şiraly Joraýewiň, Kamiljan Ataniýazowyň, Babamyrat Hamdamowyň, Ahunjan Madaliýewiň we Hirşit Rasulowyň aýdymlaryny ýerine ýetiren Izzat Möwlanowyň ýekelikde konserti boldy.

Halk arasynda gaty meşhur bolan bu aýdymçylaryň aýdymlary Izzatyň repertuaryny düzdi. Aýdymçy özüniň hem şol aýdymçylaryň aýdymlary bilen meşhurdygyny we uly isleg bilen diňlenýändigini aýtdy.

Konsert maksatnamasynda Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen dört aýdymyň bardygyny bellemek möhümdir. Türkmen halkynyň dana şahyrynyň hem-de beýik akyldarynyň sözlerine özbek kompozitorlarynyň döreden aýdymlarynyň özbek dilinde ýaňlanmagy diňleýjileriň buýsanjyny has-da artdyrdy.

Kamiljon Ataniýazow, Babamyrat Hamdamow we Muhriddin Halikow şol aýdymlary döredijilerdir. Magtymguly Pyragynyň «Aýrylma», «Bu dünýä», «Aýryldym» atly goşgulary ajaýyp aýdymlaryň döredilmegine ylham berdi.

Bu ýyl ýurdumyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giň gerimde belleýär, şonuň üçin şahyryň özbek dilindäki goşgularynyň sahnada ýaňlanmagy bu senäni has-da dabaralandyrdy.

Izzat Möwlanowyň ussatlygyny aýratyn bellemelidiris, ol aýdym-sazyň güýji bilen diňleýjilere «jan berdi» we eýýäm konsertiň ortasynda diňleýjiler aýdym-sazyň owazyna goşulyp, oturan ýerlerinden tans hereketlerini ýerine ýetirdiler. Ençeme diňleýji bolsa meýdança çykyp, tans etdiler.

Diňleýjileriň öz diňlemek isleýän aýdymlaryny bölejik kagyza ýazyp, aýdymça geçirmekleri yzygiderli dowam etdi. Bu bolsa ýatdan çykmajak ýakymly täsir döretdi.

Izzat çykyşdan soň şeýle diýýär: 

– Men 2011-nji ýylda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyny tamamladym we Türkmenabat şäheriniň Medeniýet öýüne işe iberildim hem-de häzirki wagtda hem şol ýerde işleýärin. Men hakykatdanam şadyýan halk aýdymlaryny halaýaryn, Lebapda bu aýdymlar her bir baýramçylykda ýaňlanýar.

Bu aýdymlary halypalarym, ilkinji nobatda bolsa Şiraly Joraýew döredipdi. Şu günki konsertde gazanan üstünliklerimde olaryň hem ullakan paýy bar.