Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi.
Baýramçylyk konsertinde teatryň aktýorlary estrada aýdymçylarynyň keşplerini ýerine ýetirdiler. Bu bolsa tomaşaçylaryň hem, aktýorlaryň hem göwnünden turdy.
Teatryň «sazly drama teatry» derejesiniň bolandygy üçin bu ýerde aýdym aýdýan aktýorlaryň ençemesi bar. Türkmenistanyň halk artisti Nury Hudaýgulyýew «Ýylgyr» aýdymy bilen konserti açdy we bu aýdym diňleýjileriň göwnünden turdy. Tirkeş Mätnazarow «Meniň gyzlarym» aýdymyny ussatlarça ýerine ýetirdi.
Konsertiň ýer eýeleri Nurgözel Gurbangeldiýewa we Yhlas Yslamow tomaşaçylaryň halaýan žanry – gülküli sahna bilen çykyş etdiler.
Gülküli sahnada gyz 8-nji mart baýramçylygynda ejesine sowgat saýlamak üçin dükanlara aýlanyp, köp wagtyny sarp edip, ýadady we kafe girdi.
– Çaý? Kofe? – diýip, ofisiant oglan gyzdan soraýar. «Kefir!» diýip, gyz garaşylmadyk ýagdaýda jogap berýär. Şeýdibem soňy söýgi bilen tamamlanan gülkünç gepleşik başlandy.
Gyzyň keşbini Ýazbibi Sapargeldýewa, ofisiant oglanyň keşbini Oraz Orazow ýerine ýetirdi.
Ýazbibi Sapargeldýewa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Atamyrat Ataýew bilen tomaşaçylaryň göwnünden turan «Biz aýdymçy» atly ýene bir gülküli sahnada hem çykyş etdi. Iki aýdymçy sahnada aýdym ýerine ýetirýär, birdenem Ýazbibi aýdymyň sözlerini ýatdan çykarýar. Aýdymyň sazy dowam edýärkä, muny ýoldaşyna aýdýar.
Atamyrat saza goşup oňa käýinýär. Çekeleşik çykyşlaryň ahyryna çenli dowam etdi we tomaşaçylar bu barada hiç hili pikirem etmeýän ýalydy. Aslynda, tomaşaçylar aýdymçylaryň mekir hereketine düşünip, olaryň oýunlaryna ýürekden gülüşdiler.
Ýaşlar baýramçylyk konsertleri gowy görýärler, sebäbi olaryň wagtlaýyn güýmenje öwrülýän we sahnada karaoke gurnaýan, şeýle hem tomaşaçylaryň gatnaşmagynda gyzykly ýaryşlary hödürleýän alyp baryjylar bilen bilelikde konsert programmasyna gatnaşmaga mümkinçilikleri bar.
Ýazbibi Sapargeldiýewa:
– Baýramçylyk konsertleri bilen tomaşaçylar şatlyk getirýär, sungat işgärleri üçin halkyň duýgudaşlygyny gazanmak möhümdir – diýdi.
Her baýramçylyk üçin täze çykyşlary taýýarlaýarys. Bilelikde gülküli sahnalary düzýäris, aýdymlary we konserte gatnaşyjylary saýlaýarys. Bu bolsa teatrymyzyň döredijilik toparyny birleşdirýär, iň möhümi, şunuň ýaly konsertlere tomaşaçylar köp gelýär.
Pursatdan peýdalanyp, teatrymyzyň işgärleriniň adyndan Halkara zenanlar güni bilen Türkmenistanyň ähli zenanlaryny gutlaýaryn!