Ï Iki pianinoçynyň – Roberta Di Mario bilen Aýlar Saparmyradowanyň konserti
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Iki pianinoçynyň – Roberta Di Mario bilen Aýlar Saparmyradowanyň konserti

view-icon 3243
Iki pianinoçynyň – Roberta Di Mario bilen Aýlar Saparmyradowanyň konserti
camera-icon
Wýaçeslaw Sarkisýan

Italiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 10 ýyllygy mynasybetli, Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen, özi saz ýazyp, özi-de ýerine ýetirýän Roberta Di Mario biziň ýurdumyza sapar etmäge çakylyk aldy. 

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda geçirilen konserte onuň bilen bilelikde Aýlar Saparmyradowa-da gatnaşdy. Olaryň ikisi-de aşgabatly diňleýjiler üçin özleriniň döreden, şeýle hem nusgawy sazandalaryň eserlerini ýerine ýetirdiler.

Roberta Di Mario özüniň «Köşeşdirme» eseri bilen konsert maksatnamasyny açyp, Bah, Mosart, Şopen bilen bilelikde saz älemine syýahata ýola düşdi. «Köşeşdirme» eseri rahat mukamlylygy, deň ölçegliligi we mylaýymlygy bilen tapawutlanýar.

Konsert maksatnamasyndaky saz älemine syýahatyň Friderik Şopeniň «Fantaziýa-improwizasiýa» eseri bilen tamamlanandygy bellärliklidir. Di Mario bu eseri ekrandaky gün şöhlesiniň ýagtysyna düşen tozan bölejiklerini ýada salýan planetalaryň ýaýraň hereketi arkaly görkezilen Älemiň ýerliginde ýerine ýetirdi. Şopeniň improwizasiýasynda Älemi emele getirýän dünýäleriň bakylygy we tükeniksizligi eşidilýärdi.

Roýala Aýlar Saparmyradowa erk edýär. «Noktýurna-kosmos»-yň ilkinji şelpelerinden özüňi saz bilen beýan ediş görnüşleriniň italýan kompozitory Di Marionyňky bilen meňzeşligini bilmek bolýardy. Aýlaryň ýerine ýetiren nusgawy eserlerinden Paganini-Listiň «Kampanella» eseri aýratyn ýatda galyjydy.

Aýlar hem Roberta ýaly 5 ýaşyndan saz bilen meşgullanyp başlapdyr. Mugallymlarynyň ony sazçylyk mekdebine skripka dersi boýunça girmäge taýýarlandyklary bellärliklidir, ýöne ykbal başgaça öwrüm etdi-de, ol pianinoçy boldy. Aýlar ilkinji eserlerini talyplyk ýyllarynda ýazyp başlady.

Konsertiň ahyrynda Roberta we Aýlar tomaşaçylar üçin Dworžakyň «Slawýan tansyny» bilelikde ýerine ýetirdiler. Türkmen-italýan ezber pianinoçylaryň sahnadan joşgun bilen ýerine ýetiren tans sazynyň şadyýan äheňi tomaşaçylaryň aňynda ýer edip, keýplerini galdyrdy.

Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Luiji Ferrari tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Roberta we Aýlara ägirt uly gül desselerini gowşuryp, zehinidir ussatlygy bilen tomaşaçylara beren ruhy lezzeti üçin minnetdarlyk bildirdi.