Kaliforniýanyň iň uly sungat muzeýi bolan J.Paul Getti muzeýi we Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýi gadymy Merw şäherinden tapylan bäşinji asyra degişli Buddanyň kellesini goramak we dikeltmek boýunça işleriň ikinji tapgyry tamamlandy.
Bu bilelikdäki taslama «ABŞ-nyň Medeni mirasy gorap saklamak boýunça ilçileriň gaznasy» (AFCP) maksatnamasy arkaly mümkin boldy.
Buddanyň kellesini dikeltmek bu gaznanyň Türkmenistandaky 30-njy taslamasydyr.
Toparda J.Paul Getti muzeýiniň gadymyýetleri gorap saklamak bölüminiň müdiri Suzanna Gensike, konserwator, hususy tejribe bilen meşgullanýan Fabio Kolombo we Padui uniwersitetiniň professory, 3D kompýuter şekillendiriş boýunça hünärmeni Juzeppe Salemi dagy bar.
Üç hepdelik işiň dowamynda Getti muzeýiniň hünärmenleri taslamanyň iň möhüm tapgyrlaryndan birine ýetip, öňki dikeldiş işleri wagtynda kelläniň käbir ýerlerinde ulanylýan bölekleri aýyrmagy tamamladylar.
Bu işe taýýarlyk görmek üçin Getti muzeýiniň 2023-nji ýylda Aşgabat şäherine eden ilkinji sapary wagtynda toplanan maglumatlary Getti topary 3D çap edilen gabyklara ýerleşdirdi.
Hünärmenler, artefaktyň gaýtadan işlenilmeginden ozal, işlenip taýýarlanylandan soň we ýagdaýyny resmileşdirmek üçin bölekleriň içki ýüzleriniň fotogrammetrini aldylar.
Getti muzeýi we Döwlet muzeýi 2024-nji ýylyň ahyrynda Buddanyň kellesi bilen bagly işleri dowam etmek üçin goşmaça tapgyrlary meýilleşdirýär.
Getti muzeýi ilki bölekleri gurnamak üçin taýýarlamak we dikeldiş işleriniň dowamynda artefaktyň gurluş bitewüligini üpjün etmek üçin 3D içerki dizaýny çap eder we döreder.
Taslamanyň esasy maksady, dikeldilen Buddanyň kellesiniň Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde görkezilmegi we hünärmenleriň Türkmenistanda buddaçylyk mirasy baradaky ylmy işleriniň netijelerini neşir etmekdir.
«ABŞ-nyň Medeni mirasy gorap saklamak boýunça ilçileriň gaznasy» (AFCP) ABŞ-nyň Döwlet Departamenti tarapyndan döredildi. 2001-nji ýylda döredilen gününden bäri AFCP 130-dan gowrak ýurtda müňden gowrak medeni mirasy gorap saklamak taslamalaryna goldaw berdi.