«Watan» kinokonsert merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli nusgawy sazlar konserti hem-de köpsanly garaşylmadyk mähirli sowgatlar boldy. Olaryň ilkinjisi zalyň girelgesinde ajap zenanlara baýramçylyk gutlag hatlarynyň gowşurylmagydyr.
Konsertiň açylyşy örän üýtgeşik boldy. Aýna Şirowa «Bahar sazy» atly eserini kakasy Hemra Şirowyň goşgusyna ýazdy. Diňleýjiler ataly-gyzyň döredijiligine ýokary baha berdiler. Konsertde Şamämmet Bäşimowyň «Akja kepderi», Nury Muhatowyň «Gyzlar», Nury Halmämmedowyň «Hüwdi» ýaly türkmen kompozitorlarynyň eserleri ýaňlandy. Bu aýdymlaryň her biri türkmen gelin-gyzlarynyň waspydy.
Tomaşaçylar Türkmenistanyň at gazanan artisti Selbinyýaz Annadurdyýewanyň Wladimir Şaýnskiniň «Meniň oňa göwnüm gitdi» diýen köne aýdymyny mähirli garşyladylar. Selbinyýaz ony şeýle hoşlabyz aýtdy welin, diňleýjileriň bary onuň zehininiň bendisi boldular. Arslan Öwenyýazowyň ýolbaşçylygyndaky erkekler kamera horunyň çykyşy zenanlar üçin ýene bir garaşylmadyk sowgat boldy. Hor Arno Babajanýanyň «Noktýurn» aýdymyny romantik labyzda ýerine ýetirdi.
Bu ýazky baýramçylyk konsertine gatnaşan maşgala çykyşlary aýratyn üýtgeşik ýaňlandy. Olardan Sähra Ataýewa (skripka) we Tahyr Ataýew (orkestriň ýolbaşçysy), şeýle hem Mähri Moşyýewa (fortepýano) we Beçenç Moşyýew (tenor) çykyş etdiler. Begenç Moşyýew Oleg Gazmanowyň «Eje» aýdymyny ýerine ýetirdi. Mundan başga-da, bu çykyşa aýdymçynyň maşgala albomyndan alnan suratlar bezeg berdi. Konsert ene waspyny edip Tamara Gwerdsiteliniň «Ene gözleri» aýdymyny ýerine ýetiren Maýa Gulaýewanyň çykyşy bilen dowam etdirildi.
Däp bolşy ýaly, konsert Dawid Tuhmanowyň «Garşymdaky bu ajap dideler» atly ajaýyp aýdymyny ýerine ýetiren solistleriň bilelikdäki çykyşy bilen tamamlandy. Ýüreklerde ýakymly yz goýýan goşgy, jadylaýjy saz we aýdymçylaryň ýürekden aýdan aýdymy diňleýjilere baş sowgat boldy. Olar şowhunly el çarpyşmalar bilen aýdymçylary uzak wagtlap sahnadan goýbermediler.