Ï Zenan gözelliginiň dünýäsi muzeý sergisinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Zenan gözelliginiň dünýäsi muzeý sergisinde

view-icon 2896
Zenan gözelliginiň dünýäsi muzeý sergisinde

Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde Halkara zenanlar gününe bagyşlanan «Zenanlar – gözellik dünýäsi» atly sergi açyldy. Onda çeperçilik gymmaty bolan milli zenan lybaslary, şaý-sepleri, el işleri, şeýle hem şekillendiriş sungatynyň eserleri görkezildi. Sergide goýlan zatlaryň her biri zenanlar we bahar bilen baglanyşykly baý gözellik dünýäsiniň özüçe beýanydyr.

Sergi nepis nagyşlar bilen bezelen adaty zenan ýapynjalary we al-elwan reňkleri bahar güllerini ýada salyp duran öýde dokalan keteni matanyň dürli görnüşleri bilen açylýar. Sergide gadymy şaý-seplere baý muzeýiň ýygyndylaryndan türkmen aýal-gyzlarynyň gözelligini nygtaýan ajaýyp şaý-sepler, şeýle hem biziň günlerimizde döredilen şaý-sepler goýlupdyr.

Sergide hödürlenen meşhur türkmen suratkeşleriniň eserleri nesilden-nesle geçip gelýän gadymy el işleri sungatyna bagyşlanýar. Şolaryň arasynda Ý.Gylyjowyň «Jadyly nagyşlar», Ş.Akmuhammedowyň «Halk döredijiligi», Ş.Rejebowyň «Gadymy sungat» we beýleki suratlar bar. R.Muhammedowyň «Ene» we G.Barannikowyň «Gelin» atly suratlarynda aýdyň zenan keşpleri döredilipdir.

Sergide bahar we zenanlar bilen baglanyşykly gözelligiň baý dünýäsini açyp görkezýän meşhur suratkeşleriň eserleri bilen birlikde ýaş zehinleriň işleri bilen-de tanyşmak bolýar. Ýaş suratkeş G.Ýazmuhammedowanyň «Gelin», «Güller», «Milli gymmatlyklarymyz» atly suratlary sergide ilkinji gezek görkezilýär.