Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli 26-njy martda «Nowruz ýaýlasynda» bolup geçen dabara gatnaşanlara görkezilen adaty milli senetleriň arasynda gadymy keçe basma sungatynyň orny aýry başgady.
Al-ýaşyl milli lybas geýnen çeper elli türkmen gelin-gyzlary ýüň saýmakdan başlap, nagyş goýmaga çenli birgiden inçe işi ýerine ýetirmek bilen, gadymy nagyşly gönüburçly «keçe halysynyň» dokalyşyny jikme-jik görkezdiler. Şol ýerde keçe basma işinde esasy gural bolan gamyş boýrasynyň ulanylyşy hem görkezildi.
Ýerli hünärşynaslaryň belleýşi ýaly, keçäniň ýüzünde goýulýan nagyşlaryň sadadan başlap, çylşyrymla çenli çuňňur manysy we dürli reňk öwüşginleri bilen sazlaşykly utgaşmasy, nagyş ýerleşdirme usuly, bezeg görnüşleriniň dürlüligi we simwolik manysy daşary ýurtly alymlaryň ünsüni özüne çekýär. Polşaly professor Irena Turnau «Ýewropada we Aziýada keçe basma sungaty» atly kitabynda türkmen keçesi hakynda şeýle ýazýar: «Türkmenleriň «keçe» diýip atlandyrýan keçe halysynyň gül nagşy şunuň ýaly adaty terzde taýýarlaýarlar.
Mysal üçin, gül nagyşly hakyky ýüň meýdany – onuň ýüzünde köp sanly ösümlik nagyşlary, şol sanda egrem çyzyklar, pişme ýa-da iki taraplaýyn egrem çyzyklar we goňur aýlawly goç şahly nagyşlar. Keçäniň iň köp ýaýran reňkleri goýy gyzyl, goňur we çaldan gara ýazýan tebigy ýüň reňki. Reňkler, hakykatdanam, ajaýyp. Keçeler galyň we çydamly, elli ýyla çenli ulanyp bolýar».
Nagyşly keçe basmak däbi Türkmenistanda giňden ýaýrandyr. Bu gadymy senetiň tehnikasyny we nagyş döretme usulyny gorap saklamak bilen, türkmen senetçileri ony täze nagyşlar bilen baýlaşdyrmaga-da çalyşýarlar. Gadymy döwürlerden bize gelip ýeten keçe basma sungatynyň özboluşlylygy, bu işde halkyň taryhy we däp-dessurlary bilen baglanyşykly ulanylýan nagyşlaryň we alamatlaryň simwolik manysy ony milli medeni mirasyň gymmatly bölegine öwürýär. «Nowruz ýaýlasynda» geçen uly etnografik festiwalyň daşary ýurtlardan gelen myhmanlarynyň bu gadymy senede bildiren gyzyklanmasy, onuň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine mynasypdygyny ýene bir gezek görkezdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu barada 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Döwlet Maslahatynda çykyş edende aýdypdy. Medeni mirasyň ýaýradylmagynyň ýurduň medeni diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigine ünsi çeken döwlet Baştutany ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi üçin «Türkmeniň alabaý itini köpeltmek sungaty», «Türkmeniň keçe basma sungaty», «Türkmen demirçilik seneti», «Türkmen tazysy we aw guşlary sungaty», «Milli türkmen göreşi» ýaly ugurlary taýýarlamagyň möhümdigini belläp geçdi.