Ï Aşgabat şäheriniň 1-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň zehinleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat şäheriniň 1-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň zehinleri

view-icon 3759
Aşgabat şäheriniň 1-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň zehinleri

Türkmenistanda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin şertleri döretmäge, ýaşlaryň zehinlerini we başarnyklaryny ýüze çykarmaga kiçilikden aýratyn üns berilýär. Munuň bir subutnamasy, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar çeperçilik mekdebinde geçirilen «Baýramlara beslenen bahar» atly aýdym-sazly çäresidir.

Bahar baýramlaryna bagyşlanan çärede halk we milli saz gurallary bölüminiň okuwçylary tarapyndan ýakymly aýdymlar we hyjuwly saz kompozisiýalary ýerine ýetirildi.

Mekdebiň ýaş dutarçylarynyň gatnaşmagynda türkmen kompozitorlarynyň «Küşt depdi», «Gopuzlyja gyzjagaz», «Ýazlarym bar», «Arzuwym», «Ýaşlyk aýdymy», «Ýaşa, Türkmenistan!» eserleri ýerine ýetirildi. Ýaş akkordeonçylar «Bahar tansy», «Dutaryň owazy» sazlaryny höwes bilen ýerine ýetirdiler. Umuman, 1-nji çagalar çeperçilik mekdebinde geçirilen sazly medeni çäre Türkmenistanda zehinli sazandalaryň täze nesliniň ösüp gelýändigini aýdyň görkezdi.