Ï Türkmen bedewi – gözelligiň nusgasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen bedewi – gözelligiň nusgasy

view-icon 3753
Türkmen bedewi – gözelligiň nusgasy
camera-icon
Ahmet Öwezmuhammedow

Bu at bilen Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan sergi guraldy.

Ata-babalarymyz bedewi şa tagtyndan hem ýokary hasaplaýardylar we şonuň üçin bedewlerini şaý-seplerdir halylar bilen bezeýärdiler. Sergide görkezilen gymmatlyklaryň arasynda at esbaplary we şaý-sepler bilen bezelen ajaýyp atyň heýkeli has-da tapawutlanýar.

At esbaplarynyň arasynda eýer, gamçy, jylaw, serkeç we at nallaryny saklamak üçin gap görkezildi. Şaý-sepleriň arasynda bolsa bedewleriň döşüne, maňlaýyna we boýnuna dakylýan bezegler we tumarlar bar. Ajaýyp at esbaplary behişdi bedewleriň gözelligini has-da artdyrýar.

Mundan başga-da, sergide gymmatlyklaryň arasynda gadymy şaý-sepler we atçylykda giňden ulanylýan zatlar – haly ýapynjalar, içirgiler, torbalar, eýer haltalary, keçeler we beýleki önümler bilen utgaşdyrylan häzirki zaman at esbaplary bar.

Serginiň bölümleriniň birinde ahalteke bedewlerini we ýurdumyzyň ösüşlere beslenen döwrüni görkezýän häzirki zaman şaý-sepleri görkezildi.

Sergide görkezilen Türkmenistanyň halk suratkeşi I.Işangulyýewiň «Toýçy», «Kowumdaş», P.Gapançaýewiň «Turanyň we Wepalynyň dostlugy», «Toýly», Ý.Kolobaýewiň «Bedew» we beýleki nakgaşlaryň eserleri has-da täsirli boldy.

«Türkmen bedewi – gözelligiň nusgasy» atly serginiň açylyşyna gelenleriň arasynda eksponatlara uly gyzyklanma bilen seredýän we özlerinde galan täsirleri kärdeşleri bilen paýlaşan atlary ösdürip ýetişdirýän köp sanly hünärmenler bar.