Ï Mekdep okuwçylary we talyp ýaşlar «Kompozitor» filminiň görkezilişine gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mekdep okuwçylary we talyp ýaşlar «Kompozitor» filminiň görkezilişine gatnaşdylar

view-icon 3913
Mekdep okuwçylary we talyp ýaşlar «Kompozitor» filminiň görkezilişine gatnaşdylar

Şu günler paýtagtymyzyň kinokonsert merkezlerinde Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň «Kompozitor» atly täze filmi görkezilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen döredilen filmde ýaş nesliň terbiýesi we ösüşi üçin aýratyn möhüm ruhy-ahlak gymmatlyklary açylyp görkezilýär. Şonuň üçinem oňa ilkinjiler bolup okuwçylar we talyp ýaşlar tomaşa etdiler.

Ekran gahrymanlarynyň deň-duşlary döredijilik maşgalasynda bolup geçýän wakalara gyzyklanma bilen tomaşa edýärler. Filmden soň ondan galan täsir barada pikir alyşýarlar.

Filmiň baş gahrymany Merdan Hudaýberdiýew sazçylyk mekdebiniň okuwçysyndan sazandalar maşgala ýoluny dowam edýän kompozitorlyga çenli ýol geçýär. Öz dogduk mekanynyň tebigatyndan, maşgala däp-dessurlaryndan we türkmen kompozitorlyk mekdebiniň baý mirasyndan ylham alyp, täze saz döredýär, okuwçylara bilim berýär.

Filmiň edebi esasyny ýazan režissýory Maksat Gylyjow M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplaryny, TMK-nyň ýanyndaky Aşgabadyň ýörite sazçylyk mekdebiniň we Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň okuwçylaryny surata düşüripdir.

30-njy martda telewideniýede filmiň premýerasy boldy, oňa tomaşaçylar gowy baha berdiler. Indi tomaşaçylara filmi uly ekranda görmek ajaýyp mümkinçiligi bar.

Paýtagtymyzyň «Aşgabat», «Watan», «Türkmenistan» kinokonsert merkezlerinde, şeýle hem ýurduň welaýatlarynyň etrap Medeniýet öýlerinde «Kompozitor» filminiň görkezilişi 14-nji aprele çenli dowam eder.