Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahnasynda geçirilen amerikaly we türkmen aýdymçylarynyň bilelikdäki konserti Daşoguz şäheriniň ýaşaýjylary üçin özboluşly sowgat boldy. Onda ýurdumyza Alýaskadan (ABŞ) gelen Pipeline Vocal Project (PVP) professional wokal üçlügi bilen bilelikde Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýöriteleşdirilen sungat mekdebiniň birleşdirilen hory çykyş etdi.
Şeýle hem «Queens of Alaska» ady bilen tanalýan Pipeline Vocal Project (PVP) wokal üçlüginde zehinli aýdymçy zenanlar – Adriana Latonio, Molli Diýeni we Lisa Hokins çykyş edýärler. Olar sesleriň sazlylygy we topardaky sazlaşykly utgaşmasy bilen sazsyz A kapella usulynda aýdym aýtmakda tejribesi ýetik ussat aýdymçylardyr. Aýdym aýtmagyň şeýle usuly adam owazynyň ähli röwüşini, onuň labyz baýlygyny we owadanlygyny ýetirýär. K.M.Weber, F.Şubert, R.Şuman, I.Brams, N.A.Rimskiý-Korsakow we dürli döwürleriň beýleki beýik kompozitorlarynyň halk döredijiliginde giňden ýaýran bu ugruna gyzyklanma bildirenligi tötänden däldir.
Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebindäki konsertde çykyş eden toparynda A kapella usulynda aýdym aýdan horuň hatarynda 24 sany talyp bar. Her ýyl täzelenýän bu birleşen topara şu mekdebiň mugallymy D.Jumaýew ýolbaşçylyk edýär. Dürli dabaraly çärelerde tomaşaçylaryň öňünde köp çykyş edýän horuň repertuarynda ýurdumyzyň sazçylyk sungatynyň nusgawy eserleri we dünýä saz medeniýetiniň görnükli wekilleriniň eserleri bar.
Şu konsertde «I wanna be like you», «Under the sea», «A dream is a wish your Heart makes» ýaly dürli eserler ýerine ýetirildi. Dünýä ýurtlarynyň köpüsinde giňden bellenilýän beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hatyrasyna onuň sözlerine «Gözüm düşdi» we «Тürkmeniň» aýdymlary labyzly we joşgunly ýerine ýetirildi.
Diňleýjä wokal sungatynyň ähli gözelliklerini açmaga mümkinçilik beren, medeniýetleriň ýakynlaşmagyna we özara baýlaşmagyna goşant goşan döredijilik çäresi minnetdar diňleýjileriň uzak el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.