Zehinli çagalary nakgaş Amanmyrat Gurbanowiç Serhenowyň hatyrasyny belent tutýarlar. Onuň çagalary bireýýäm ulalyp, maşgalaly bolan bolsalaram, kakasynyň hatyrasyny tutýarlar we döwürdeşlerini diňe bir onuň işleri bilen däl, eýsem, üýtgeşik ykbaly bilenem tanyşdyrýarlar.
Minimalizm usulynda çekilen köp sanly suratlaryň awtory Amanmyrat Serhenow nesillerine esasy eserleriniň biri – «Teke Madonnasy» işini miras goýdy. Suratkeşiň ejesine bagyşlan suratynda milli lybasly bir zenany gujagyna ogluny alyp, asmandan inýän şekilde şekillendirýär. 2007-nji ýylda bu suratyň reproduksiýasy «Zenan kalby» žurnalynyň baş sahypasyny bezäpdi.
Hatyra agşamynyň myhmanlary bu işiň asyl nusgasy we ata kesbini ýöredýän gyzy Aýa Serhenowanyň çeper eserleri bilen tanyşdylar. Ýurdumyzda tanymal suratkeş zenan suratlaryny sergi zallarynda yzygiderli görkezýär. Şeýle hem 2020-nji ýylda geçirilen ilkinji şahsy sergisini, döredijilik zehinini miras alan kakasyna bagyşlady.
Bu dünýäden bakyýete giden kakasynyň hatyrasyna doganlar Maýa we Aýa Serhenowalar ýürege ýakyn çeper-çykyş we «Kaka, surat çeksene!» aýdymynyň astynda çagalyk döwrüniň täsirli bir pursadyny beýan etdiler.
Suratkeşiň gyzlarynyň guran bu çäresinde «Bäşinji» atly ýatlamalar kitaby bilen tanyşdyrylyş boldy.
Maşgalada bäşinji çaga bolan Amanmyrat köp okaýardy, özbaşdak gitara çalmagy öwrendi, ýöne surat çekmegi welin bar zatdan beter halaýardy. Maýa Serhenowa kitap ýazanda kakasynyň gündeliginden ýazgylary: onuň pikirlerini, beýan eden wakalaryny we başdan geçiren duýgularyny ulandy. Kitabyň käbir baplary Amanmyrat Gurbanowiçiň adyndan hödürlenýär, şonuň üçinem durmuş tejribesinden paýhaslylyk öwrenip boljak dostuňyz bilen çyn ýürekden söhbetdeşlik ýaly bolup görünýär.
Maýa Serhenowa kitabyň sözbaşysynda: «Kakam özüne çekiji adamdy, oňa terjimehal hekaýatlaryny okap düşünip bolýar. Onuň öz durmuşyndan alnan wakalar, hem bu adamyň adamlara, ýagdaýlara, baky hakykatlara we gymmatlyklara bolan garaýşynda ýylgyryş hem buýsanç duýgusyny döredýär» diýip ýazýar.
Türkmen döwlet neşirýat gullugynda neşir edilen kitap okyjylar köpçüligine gyzykly bolsa gerek.