Ï Gurjak teatrynda «gymmatly daş» hakda spektaklyň ilkinji gezek görkezilişi taýýarlanylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gurjak teatrynda «gymmatly daş» hakda spektaklyň ilkinji gezek görkezilişi taýýarlanylýar

view-icon 2771
Gurjak teatrynda «gymmatly daş» hakda spektaklyň ilkinji gezek görkezilişi taýýarlanylýar

Türkmen döwlet gurjak teatrynda türkmen ýazyjysy Agageldi Allanazarowyň «Gymmat daş» eseri esasynda «Mähekdaş» erteki spektaklyny sahnalaşdyrmak işi tamamlandy.

Režissýor Maksat Altaýew gurjak gahrymanlaryny başarjaň işledýän we sahnada artistleriň keşbini döredýän zehinli ýaş artistleri spektakla çagyrypdyr. Bu gyzykly we akyl beriji hekaýat haýwanlaryň adaty durmuşy hakda gürrüň berýär.

Bir gün tokaý şalygynyň esasy suw çeşmesini dag depesinden inen äpet daş baglaýar. Haýwanlar daşy aýyrmakdan ejiz gelýärler. Diňe aýy (Batyr Gurbanow) şeýle läheň daşy göterip biljekdi.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Magtymguly Hudaýberdiýew özüneçekiji möjegiň keşbinde çykyş etdi. Kirpijik (Merdan Haýdarow) we garga (Türkmenistanyň at gazanan artisti Annaçary Kakabaýew) özboluşlydy.

Aýyny kömege gelmäge nädip yrmaly? Muny diňe mekir tilki (Gülälek Mämmetgulyýewa) bilýär. «Bu bir bagt daşy» diýip, tilki ony ynandyrýar. «Ony alana bagt gelýär. Bazarda oňa uly altyn berýärler».

Aýy dag daşynyň üýtgeşikligine ynanarmyka? Ony ýapdan çykarmaga kömek edermikä? Spektaklyň ilkinji tomaşaçylary muny ýakyn wagtda bilerler.