Ï Naýbaşy eserlerden düzülen konsert
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Naýbaşy eserlerden düzülen konsert

view-icon 3428
Naýbaşy eserlerden düzülen konsert
camera-icon
Wýaçeslaw Sarkisýan

«Türkmenistan» kinokonsert merkezinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlarynyň taýýarlan «Nusgawy eserler» konserti «Awe Mariýa» ariýasy bilen başlandy. Ariýany Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewa ýerine ýetirdi.

Tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary kesilenden soň, degişli sahnanyň aňyrsyndaky, konsertiň alyp baryjysy Aýna Şirowanyň sesi diňleýjileri gyzykly bir ýagdaý bilen tanyşdyrdy. Aýna Şirowa konsertde ýaňlanjak ähli eserleri ýeke-ýeke teswirledi. Bu üýtgeşik usul tomaşaçylara estetiki lezzet bilen birlikde gyzykly düşünje hem berdi.

Pýotr Iliç Çaýkowskiniň «1-nji kwartetini» Aýbölek Muhyýewadan, Seýran Atanyýazowdan, Elman Nasirowdan, Kakageldi Hojalekowdan ybarat kirişli saz gurallary dörtlügi ýerine ýetirdi.

Halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi Aýbölek Muhyýewa (skripkada) we halkara bäsleşikleriniň diplomanty Stella Faramazowa (fortepiano) Ýakob Gadeniň joşgunly «Gabanjaňlyk» tangosyny ýerine ýetirdiler.

Meýlis Myratgeldyýew Leonkawallonyň «Oýunbazlar» operasyndan Kanionyň ariýasyny duýgulara berlip ýürekden ýerine ýetirdi. Meýlis Myratgeldiýew sergezdan komediýaçylaryň keşbini şeýle bir ussatlarça beýan etdi welin, ol tomaşaçylarda gahrymanyň gözgyny halyna duýgudaşlyk döretdi. Oňa Maýa Beýmanowa fortepianoda sazandarlyk etdi.

Durdy Nuryýewyň «Owadan gelin» sazly komediýasyndan Aknabat bilen Jumadurdynyň duetini Gülnar Nuryýewa we Meýlis Myratgeldiýew ýerine ýetirdiler, olara Stella Faramazowa fortepianoda sazandarlyk etdi.

Durdy Nuryýew türkmen kompozitorçylyk mekdebini esaslandyryjylaryň biridir. Onuň eserleri hoş owazlylygy we ýeňilligi bilen tapawutlanýar. Belki, şonuň üçindir, olary şeýle gowy görýärler.

Kirişli saz gurallary dörtlügi Aýna Şirowanyň «Ýagyşly howada gezelenç» pýesasyny ýerine ýetirdi. Bu eserde diňleýjiler bahar ýagşynyň mylaýymlygyny, üçeklere düşýän damjalaryň ajaýyp owazyny we ýagşyň peşgeş eden beýanyny söz ýetmejek tämizligini duýdular.

Konsertde Anton Arenskiniň, Sergeý Rahmaninowyň, Juzeppe Werdiniň we Ýogannesa Bramsyň eserleri hem ýaňlandy.

Konsert Nury Muhatowyň «Gel Türkmenistana» aýdymy bilen jemlendi, ony konserte gatnaşan aýdymçylar – Gülnar Nuryýewa, Meýlis Myratgeldiýew, Bahar Durdyýewa ýerine ýetirdiler. Aýdym eziz Watanymyza, şeýle hem bu ajaýyp agşamyň geçen ýeri – myhmansöýer «Türkmenistan» kinokonsert merkezine bagyşlandy.