Ï Termez şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Termez şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

view-icon 1664
Termez şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

2024-nji ýylyň 20-nji aprelinde Özbegistan Respublikasynyň Termez döwlet uniwersitetinde Surhanderýa welaýatynyň Türkmen milli medeni merkeziniň guramagynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragy – dostlugyň waspçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. 

Maslahata Özbegistanyň, Türkiýäniň, Azerbeýjanyň we Owganystanyň ýokary okuw mekdepleriniň professorlary, ylmy işgärleri we talyplary gatnaşdy.

Halkara maslahatyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ilçisi Ş.Meredow, Termez döwlet uniwersitetiniň rektory A.Taşkulow we Özbegistan Respublikasynyň Türkmen medeni merkeziniň başlygy G.Awezdurdyýewa çykyş etdiler.

Maslahatda çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň we medeniýetiniň taryhyna giren bahasyna ýetip bolmajak eserleriniň dünýä halklarynyň mirasyna öwrülendigini, hem-de halklaryň dostlugyny, gözelligini, sazlaşygyny we agzybirligini wasp edýän eserleriniň häzirki döwürde hem möhüm bolup galýandygyny bellediler.