Ï Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan «Taryhdan taryply türkmen bedewi» atly sergi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan «Taryhdan taryply türkmen bedewi» atly sergi açyldy

view-icon 2807
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan «Taryhdan taryply türkmen bedewi» atly sergi açyldy

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan «Taryhdan taryply türkmen bedewi» atly sergi açyldy. Serginiň açylyşynda her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy iň gadymy eldekileşdirilen at tohumy bolan ahalteke bedewiniň dünýä dolan şöhratynyň döwrebap dowamydygy bellendi.

Ahalteke bedewleri hemişe-de dabaralaryň bezegi, nesilden-nesle geçýän esasy milli baýlyklaryň biri bolup gelýär. Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi.

Ahalteke bedewleriniň türkmen halkynyň durmuşyndaky ägirt uly ähmiýeti we orny at dakmakdan başlap, at çapyşyklaryna we toý adatlaryna çenli öz içine alýan, biziň günlerimizde-de baýlaşmagyny dowam etdirýän däp-dessuryň giden bir gatlagynyň emele gelmegine şert döretdi. Her ýyl geçirilýän ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi-de şolaryň hataryna girdi. Şu ýyl ol ilkinji gezek 27-nji aprelde Arkadag şäherinde geçiriler.

Sergide muzeýiň gaznasynda saklanýan at esbaplary we bezegleri, eýerler, nallar, jullar, horjunlar, halylar, gadymy gap-çanak we çapyp barýan bedewleri şekillendirýän suratlar bar. Milli baýlygymyz saýylýan orta asyra degişli zatlar ― pyýala we ýüzüne bedew şekili çekilen keramika bölekleri, şeýle hem bürünç bedew we gadymy söweşiji bedew şekillendirilen daş tapyndylar sergä gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.

Serginiň taryhy-medeni gymmatlyklary, dünýäni unutdyrýan at çapyşyklaryň gyzykly pursatlaryny we ahalteke atşynaslygynyň häzirki döwürde ösüşini görkezýän fotosuratlar bilen dolduryldy. Olaryň arasynda atçylyk sportunyň, syýahatçylygyň, sirk sungatynyň ösüşi, ussat çapyksuwar ýetişdirmek we milli at üsti oýunçylaryny taýýarlamak üçin esas bolup hyzmat edýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň suratlary-da bar. Akademiýanyň ýanynda Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi we Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň binasy gurlupdyr.