Ï Ussat zergärleriň altyn önümleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ussat zergärleriň altyn önümleri

view-icon 3523
Ussat zergärleriň altyn önümleri

Ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň gujurly gollaryndan, çeper ellerinden kemal tapan, bu gün dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen, müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli mirasymyz Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhuna täze röwüş çaýyp, aýratyn many-mazmuna eýe bolýar.

Şolaryň iň ajaýyplarynyň, iň täsinleriniň biri-de örän hysyrdyly zähmeti, inçeligi, ussatlygy talap edýän zergärçilik sungatydyr. Ussat zergärlerimiziň ellerinden çykýan altyn, kümüş şaý-sepleri bolsa gelin-gyzlarymyzyň, gözellikde, ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk bedewlerimiziň görküne görk goşup, kalplara nur çaýýar. Şeýle gözelligi döredýän kärhanalaryň biri hem Türkmenabadyň «Türkmenaltyn» zawodydyr. Bu ýerde zergärçilik önümleriniň dürli görnüşleri, esasan-da, gelin-gyzlarymyzyň görküne görk goşýan, gymmatbaha metallardan ajaýyp şaý-sepleriň, behişdi bedewlerimiziň bezeg şaýlarynyň, sowgatlyk önümleriň ýüzlerçe görnüşleri ýokary hil derejesinde taýýarlanýar.

Hut şonuň üçinem bu kärhananyň öndürýän önümleriniň hyrydarynyň köpdügini, öndürilýän önümiň möçberiniň hem-de görnüşleriniň bolsa, barha artýandygyny buýsanç bilen bellemek bolar. Munuň şeýledigini şu aşakdaky deňeşdirmeler hem bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. 2023-nji ýylda harytlyk önümiň öndürilişiniň ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende ösüş depgini 131,49 göterime, şu döwür üçin taýýar önümleri ýerleşdirmegiň ösüş depgini hem 127,16 göterime barabar bolan bolsa, 2024-nji ýylyň başky üç aýynda bu görkezijiler eýýäm geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende degişlilikde 146,76 hem-de 136,33 göterime deň bolupdyr.

Kärhanada önümçiligiň ýokary görkezijilere eýe bolmagy işleriň guramaçylykly ýola goýulmagynyň, bu ýerde zähmet çekýän hünärmenleriň işe jogapkärli çemeleşip, yhlas bilen zähmet çekmekleriniň, şaý-sepleriň, gadymy nusgalarynyň gözlenilip, onuň häzirki döwrüň belent ruhy bilen utgaşdyrylmagynyň netijeleridir. Şeýle hem bu gözellik döredýän kärhanada «halypa-şägirtlik» ýolunyň dowam edýändigini, onuň bolsa bu inçe sungatda aýratyn zerurlykdygyny belläp geçmek möhümdir. Bu kärhanada 25 ýyl bäri zähmet çekýän Şemşat Hojamyradowanyň, 21 ýyl bäri işläp gelýän Babajan Jumaýewiň, 18 ýyl bäri bu kärhanada inçe sungat bilen meşgullanýan Zafar Amanowyň, Yhtyýar Osmanowyň atlary ussat zergärler, öňdebaryjylar hem-de halypalar hökmünde buýsanç bilen tutulýar. Bu ýerde öndürilýän zergärçilik önümleri Türkmenabat şäherindäki «Altyn älemi» şahamça dükanynda, şeýle hem Aşgabat şäherindäki, Balkan we Mary welaýatlarynyň merkezlerindäki dükanlarda alyjylara hödürlenýär.

Kärhanada işleriň edara-kärhanalaryň, raýatlarymyzyň buýurmalary esasynda hem alnyp barylýandygyny belläp geçmek bolar. Bu ýerde ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky dynç gününde ýokary ruhubelentlige beslenip bellenilip geçilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bedew atlaryň bezeg şaýlaryny ýasamaklyga aýratyn üns berlipdir. Bu bolsa, gerçek ýigitlerimiziň uçar ganatyna deňelýän ajaýyp bedewlerimiziň görküne görk goşup, baýramçylygyň gözellik derejesiniň has artmagyna ýardam edýär. Biz hem «Türkmenaltyn» zawodynyň hünärmenleriniň yhlasly zähmetleriniň, yzygiderli gözlegleriniň bagtyýar zamanamyzyň toý-baýramlarynyň zynatyna öwrülmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.