Günbatar sebitde Türkmenistanyň halk bagşysy, halypa mukamçy kompozitor, Türkmenistanyň halk magaryfynyň at gazanan işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Döwletgeldi Ökdirowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli dürli dabaraly çäreler guraldy. Balkan welaýat häkimligi, welaýat medeniýet müdirligi, welaýat kitaphanasy hem-de welaýat ýörite sungat mekdebi tarapyndan geçirilen täsirli çäreler toplumy baý mazmuna, aýratyn ähmiýete beslendi.
Welaýat kitaphanasynyň «Miras» otagynda we Magtymguly etrap merkezindäki Magtymguly Pyragy muzeýinde geçen dabaralarda ilhalar, zehinli şahsyýet hökmünde giňden ykrar edilen Döwletgeldi Ökdirowyň ömri we döredijiligi hakynda giňişleýin söhbet edildi. Çykyşlaryň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza Döwletgeldi Ökdirow ýaly görnükli şahsyýetlerimize goýulýan hormat-sarpa üçin hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle-de milli aýdym-saz sungatymyzyň hem-de halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň ösdürilýändigini uly buýsanç bilen belläp geçdiler.
Manyly ömründe sungat äleminde öçmejek yz, özboluşly ýol goýup, mynasyp hyzmatlary bitiren bagşy Döwletgeldi Ökdirow baradaky gyzykly çykyşlaryň, ýagşy ýatlamalaryň dowamy aýdym-sazly dabaralara ulaşdy. Olaryň dowamynda uly ussadyň halkymyza bagyş eden görnükli eserlerini, ajaýyp aýdym-sazlaryny onuň şägirtleri, bagşy-sazandalar ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Milli tanslarymyz we halk döredijilik toparlarynyň joşgunly çykyşlary bu ýeriň gözel dag jülgelerine özboluşly mukam bolup doldy.
Dabarada amaly-haşam sungatynyň, neşir, zergärçilik önümleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň sergilerine hem giň orun berildi.