Döwlet Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Özbegistan Respublikasynyň Sungat akademiýasynyň başlygy, akademik Akmal Nuridinow, Gyrgyzystanyň I.Arabaýew adyndaky uniwersitetiniň professory Ýuristanbek Şygaýew, Gazagystanyň Al-Farabi adyndaky uniwersitetiň sungaty öwreniş boýunça professory Žanarbek Beristenow, Täjigistan Respublikasynyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Nargiz Hamidowa öz çykyşlarynda türki döwletleriň suratkeşleriniň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň berkdigini, 50–80-nji ýyllaryň şekillendiriş sungatynda çeper meýilleriň umumylygyny we Merkezi Aziýanyň suratkeşleriniň sungatynyň durmuşydygyny aýtdylar.
Şekillendiriş sungaty muzeýiniň müdiri Ysmaýyl Orazow maslahaty «Aýhan Hajyýew türkmen şekillendiriş sungatynyň öňdebaryjy şahsyýeti» atly çykyşy bilen açdy. Aýhan Hajyýewiň gyzy Oguljeren Hajyýewa maslahata gatnaşyjylara kakasynyň ömri we döredijiligi barada gürrüň berdi. Onuň gürrüňinden bu ýere gelenler görnükli türkmen suratkeşi hakda köp gyzykly şahsy maglumatlary aldylar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory Nurýagdy Suhanow ýatdan çykmajak kärdeşi baradaky ýatlamalary bilen Oguljereniň gürrüňini dowam etdi.
Sungaty öwrenijiler, tanymal suratkeşler, şol sanda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýew, Türkmenistanyň halk suratkeşleri Babasary Annamyradow we Saragt Babaýew, Jeren Baltaýewa, Maýsa Öräýewa, Jennet Karanowa suratkeş Aýhan Hajyýewiň türkmen halkynyň taryhynda aňsat bolmadyk döwrüň wakalaryny duýşy we ony suratlarda beýan edişi hem-de döredijilik aýratynlyklary baradaky pikirlerini maslahata gatnaşyjylar bilen paýlaşdylar.
Ylmy-amaly maslahatda türkmen şekillendiriş sungatynyň altyn gaznasyna goşulan Aýhan Hajyýewiň eserleri görkezildi.