Ï Dostlukly ýurtlardan gelen suratkeşleriň döredijilik duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dostlukly ýurtlardan gelen suratkeşleriň döredijilik duşuşygy

view-icon 3540
Dostlukly ýurtlardan gelen suratkeşleriň döredijilik duşuşygy

2024-nji ýylyň 25-26-njy aprelinde Türkmenistanda Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli medeni çäreler geçirildi.

Şu çäreleriň çäklerinde 26-njy aprelde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Özbegistanyň Çeperçilik akademiýasynyň başlygy, Özbegistanyň halk suratkeşi Akmal Nuridinow, Gazagystanyň Al-Farabi adyndaky uniwersitiniň mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň professory Žanarbek Beristenow, I.Arabaýew adyndaky Gyrgyz Döwlet uniwersitetiniň professory Ýuristanbek Şygaýew, Täjigistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Nargis Hamidowa bilen bu ýokary okuw mekdebiň mugallymlarynyň we talyplarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi.

Dostlukly ýurtlaryň suratkeşleri akademiýanyň altyn gaznasynyň muzeýi we ussahanalar bilen tanşyp, ýaş suratkeşleriň zehininedir ussatlygyna baha bermäge mümkinçilik aldylar.

Myhmanlaryň her biri öz çykyşynda şekillendiriş sungatynyň, sungaty öwreniş ylmynyň ýörelgeleri we öz ýurtlarynda ýaş suratkeşleri taýýarlamak babatda mümkinçilikler barada gürrüň berdi. Ýurdumyzyň myhmanlary Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbiniň özüne çekijiligini nygtadylar. Iň esasy-da, olar Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda okuw şertleri bilen tanşyp, ýurdumyzyň dörediji ýaşlary üçin döredilen uly mümkinçilikleri bellediler.

Gadymy döwürlerden bäri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklar şekillendiriş we amaly-haşam sungatyna esas bolupdy. Döredijilik duşuşygynda dostlukly ýurtlardan gelen myhmanlar dörediji ýaşlara üstünlik we häzirki zaman sungatynda gatnaşyklary pugtalandyrmagy arzuw etdiler.