24–27-nji aprel aralygynda Türkmen döwlet gurjak teatry 19-njy «Kiçijik hanymlar, kiçijik jenaplar» atly halkara teatr festiwalyna gatnaşdy. Çäre Ankara şäherinde Türkiýäniň döwlet teatrlarynyň Baş müdirligi tarapyndan guraldy.
Festiwalda Türkmenistanyň döredijilik topary türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryndaky rowaýatlar esasynda döredilen «Baky rowaýatlar» spektaklyny görkezdi.
Spektaklyň sahnalaşdyrylyşy tymsallara esaslanmagy hem-de gahrymanlaryň garaňkylykda öwüşgin atýan şekilleri bilen ultramelewşe hereketler görnüşinde görkezilmegi tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Spektaklyň görkezilişinden başga-da, türkmen wekiliýetiniň agzalary teatr sungatynyň iň ýaşajyk janköýerleri bilen döredijilik duşuşyklaryny guradylar. Teatryň artistleri gurjak gahrymanlaryň kömegi bilen öz ýurdumyzyň, türkmen halkynyň medeniýeti, däp-dessurlary barada gürrüň berdiler.
Şu ýyl Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. Şoňa görä-de, gurjak teatrynyň topary özleriniň Ankara şäherinde bolan saparynyň çäklerinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi oturdylan «Türkmenistan» seýilgähine baryp gördüler. Bu ýerde artistler şahyryň hatyrasyny hormatlap, onuň goşgularyny okadylar.
Türkmenistan bilen bir hatarda, halkara teatr festiwalyna Ispaniýanyň, Kubanyň, Bosniýa we Gersegowinanyň, Rumyniýanyň, Bolgariýanyň, Polşanyň we Türkiýäniň teatrlarynyň döredijilik toparlary gatnaşdylar. Festiwalyň baý maksatnamasy türk paýtagtynyň gözel ýerleri bilen tanyşmak çäresini hem özünde jemledi.