Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Türkmen halysy – milli buýsanjymyz» atly haly we haly önümleriniň sergi-bäsleşiginiň welaýat tapgyrlary dowam edýär. Şeýle sergi-bäsleşik Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda hem ýokary derejede geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly seneleridir baýramçylyk çärelerine özboluşly öwüşgin beren sergi-bäsleşik Türkmen halysynyň baýramyny şöhratlandyrmagy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat enäniň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ejesi, ýurdumyzyň at gazanan halyçysy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň kämil el işleriniň nusgalaryndan ugur alnyp guralýan bu bäsleşik halkymyzyň ruhy-medeni mirasyny aýawly saklamagy, ony yzygiderli wagyz etmegi maksat edinýär. Şeýle-de bäsleşik ýaş zehinli, ussat halyçylary ýüze çykarmagy, olaryň arzyly kärlerine bolan höweslerini artdyrmagy göz öňünde tutýar.
Sergi-bäsleşigiň welaýat tapgyry «Syrlardan dokalan gözellik», «El bilen döredilen gudrat» we «Gözellik dowamaty» atly şertlerden ybarat boldy. Olaryň dowamynda bäsleşige gatnaşyjylar haly we haly önümlerinden sergi guradylar. Halyçylaryň Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan dörän «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplary hakyndaky gyzykly söhbetleri, milli haly sungatymyzyň asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan taryhy aýratynlyklary, medeni-durmuş ähmiýeti baradaky buýsançly gürrüňleri has-da täsirli boldy. Olaryň öz täsin haly we haly önümleri bilen özboluşly toý kejebesini bezän pursatlary has-da ýatda galyjylygy, çeper öwüşginleri, mazmun taýdan baýlygy bilen tapawutlandy. Şonuň ýaly-da halyçylar özleriniň ýürek buýsançlaryny ajaýyp şygyrlaryň, uly şowhuna beslenen gazallaryň üsti bilen joşgunly beýan etdiler.
Bäsleşigiň jemi jemlenende, welaýatyň Esenguly etrabynyň halyçysy Bibisoltan Sarygulyýewa, Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Oguljeren Orazgulyýewa birinji orna mynasyp boldular. Esenguly etrabyndan halyçy Gülşen Berdigylyjowa, şol etrapdaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy Hojabibi Goçmyradowa, Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary Jumagül Saparmämmedowa, Baýramsoltan Gapurowa bolsa degişlilikde 2-nji, 3-nji orunlary eýelediler. Şeýle-de 1-nji, 2-nji orunlara mynasyp bolan halyçylar bäsleşigiň döwlet derejesinde geçiriljek tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.