Ï Gazagystanda geçirilen film festiwalynda «Dutaryň owazy» atly film baýrak aldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gazagystanda geçirilen film festiwalynda «Dutaryň owazy» atly film baýrak aldy

view-icon 2713
Gazagystanda geçirilen film festiwalynda «Dutaryň owazy» atly film baýrak aldy

Al-Farabi adyndaky Gazagystan Milli uniwersitetiniň 90 ýyllygynyň bellenilmegi mynasybetli 29-30-njy aprelde Almaty şäherinde TÜRKSOÝ halkara guramasynyň goldawy bilen «Farabi film festival» atly halkara film festiwaly geçirildi. Oňa Türkmenistanyň kinoçylary-da gatnaşdy.

Film festiwalda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň «Dutaryň owazy» atly çeper-publisistik filmi görkezildi. Ýaş režissýor Isgendermuhammet Annamuhamedowyň bu filmi gözden geçirişe gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi we festiwalyň ýörite baýragyna mynasyp boldy.

«Dutaryň owazy» filmi beýleki halkara film festiwallarda-da, hususan, «Listapad» atly Minsk halkara film festiwalynda we türki dünýäsiniň «Korkut Ata» atly halkara film festiwalynda-da kino tankytçylaryny hem-de tomaşaçylary türkmen halkynyň gadymdan gelýän aýdym-saz sungaty bilen tanyşdyrdy. «Korkut Ata» film festiwalynyň estafetasynyň şu ýyl Änew şäheriniň mynasyp bolan «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» ady bilen birlikde Türkmenistana geçirilendigini ýatladýarys.