Ï Aşgabatda «Türkmen-Türk doganlygy» sergisi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda «Türkmen-Türk doganlygy» sergisi geçirildi

view-icon 2764
Aşgabatda «Türkmen-Türk doganlygy» sergisi geçirildi

Geçen dynç günleri Bilelikdäki türkmen-türk mekdebinde türkmen palawyny we türk usulynda bişirilen noýba datmaga, şeýle hem Türkiýäniň hem-de Türkmenistanyň medeni däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik döredi.

Bu ýerde halk senetleri, milli lybaslar, kökleri asyrlaryň jümmüşine gidýän iki türki dilli halkyň medeni we taryhy mirasyny görkezýän sergi çadyrlary we diwarçalary guruldy.

Bilelikdäki türkmen-türk mekdebi iki ýurduň doganlygynyň aýdyň mysalydyr. Mekdepde iki dilde gürlenýär, okuw meýilnamasynda tans we halk döredijiligi hem öwrenilýär.

Çäre «Kuştdepdi» türkmen halk tansy bilen açyldy. «Küştdepdi» aýdym we tans dessury ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şonuň üçin hem çagalar hemişe bu tansy has hyjuwly we buýsançly ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň alkyşyny alýarlar.

Soňra «Kaşik» («Çemçe») türk milli tansy ýerine ýetirildi. Onda tansçylar kiçijik agaç çemçe ulanýarlar.

Çäräniň myhmanlarynyň käbiri serginiň gyzykly böleginden lezzet alan bolsa, beýlekileri türkmenleriň we türk milli aşhanalarynyň ajap tagamlaryny dadyp gördüler. Tagamlaryň arasynda türkmen pişmesi, türk kofesi, dolama, gyzgyn palaw we başga-da ençeme datly tagamlar bardy.

Serginiň soňunda milli lybaslar görkezildi we ahalteke bedewleri bilen tanyşmak mümkinçiligi döredildi.