Ï Nobatdaky hasabat konserti
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Nobatdaky hasabat konserti

view-icon 3215
Nobatdaky hasabat konserti

Daşoguz welaýatynyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň uçurymlarynyň her ýyl geçirilýän hasabat konserti tomaşaçylary aýdym-sazlaryň we tansyň jadylaýjy seslerdir owazlary, täsirli hereketler dünýäsine atardy.

Talyplar we mugallymlar dürli döwürlerde ýaşan, daşary ýurtly F.Şopeniň, A.Bassininiň, P.Morlakkiniň, G.Swiridowyň, L.Arditiniň, hem-de türkmenlerden N.Halmämmedowyň we beýleki kompozitorlaryň dürli saz eserlerini ýerine ýetirdiler. Her ýyl geçirilýän hasabat konsertine hünärmenler okuwçylaryň we mugallymlaryň belli bir döwürde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berýän çäresi hasaplaýarlar. Ajaýyp aýdym-sazlardan, orkestrlerdäki saz gurallarynyň sazlaşykly owazyndan, oýlanyşykly taýýarlanan baý we dürli konsert çykyşlaryndan ugur alsaň, bu mekdebiň işgärleri geljekki sungat işgärlerini taýýarlamakda ýokary netije gazanýarlar.

Mekdebiň horunyň taýýarlan eseri, türkmen edebiýatynyň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» goşgysyna W.Ahmedowyň «Köneürgenç» eseri, 2-nji ýyl okuwçylary Ş.Batyrowyň, Italiýaly skripkaçy, kompozitor we saz mugallymy Antonio Bassininiň «Rondosyny» ksilofonda ussatlarça ýerine ýetirişi, O.Baýlyýewiň ýolbaşçylygyndaky «Owaz» kamera orkestriniň ýerine ýetirmeginde Georgiý Swiridowyň «Syrgyn» orkestr üçin sýuitasyndan «Üç at goşulan paýtun» miniatýurasy diňleýjileri özüne maýyl etdi. 2-nji ýyl talyby D.Ysmaýylow gyjakda «Bibi» türkmen halk sazyny hoşlabyz çaldy, mekdebiň «Bagtyýar ýaşlar» tans topary «Çopanlar tansyny» joşgunly oýnady, üflenip çalynýan we urlup çalynýan saz gurallary ansamblynyň O.Gurbannyýazowyň «Parahatçylyk we Watan marşy» eseri we beýleki çykyşlar hyjuwly we dabaraly ýaňlandy.

Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiň döredijilik toparlarynyň hemmesi diýen ýaly bu gün öz işini görkezdiler. Mugallym G.Ahmedowanyň ýolbaşçylygyndaky bagşylar ansambly, mugallym B.Ürpekowyň ýolbaşçylygyndaky «Mukam» dutarçylar ansambly, «Diýar» türkmen milli gurallary orkestri, «Dessan» skripkaçylar ansambly, ksilofonçylar ansambly we beýlekiler täsirli hem-de sazlaşykly çykyş etdiler. Aýdymçylar we sazandalar, dirižýorlar we tansçylar konsertde ýylsaýyn kämilleşýän başarnygyny we ussatlygyny görkezdiler.

Hasabat konsertine diňleýjiler hem, oňa gatnaşyjylar hem ajaýyp aýdym-sazlardyr tans sungatyndan lezzet aldylar we köpçülikleýin işleriň netijelerinden kanagatlandylar.

Daşoguz welaýatynyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň döredileninden bäri geçen döwürde aýdym-saz sungatynyň dürli ugurlaryndan zehinli hünärmenleri taýýarlamaga ukyply mugallymlar topary kemala geldi. Her ýyl mekdebi tamamlaýanlaryň onlarçasy welaýatyň ýöriteleşdirilen dürli edaralaryň işgärleriniň hataryna goşulýarlar.