Paýtagtymyzdaky Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleri öz sahna oýunlary bilen tomaşaçylara çäksiz şatlyk paýlap, olaryň hoşallyklaryna mynasyp bolýarlar. Zehinli artistler diňe bir teatrlaryň tomaşa zallarynda, ýa-da «mawy ekranda» däl, eýsem, Diýarymyzyň çar künjeginde hem yzygiderli çykyş edip durýarlar.
Şu günlerde bolsa gurjak teatrynyň artistleri ýurdumyzyň Günbatar sebitiniň merkezi Balkanabat şäherinde bolup, gyzykly göçme çykyşlary guraýarlar. Bu ýerde çagalar üçin «Şadyýan sazandalar» gurjak oýny, ulular üçin bolsa «Şowhunly sahnalar» atly gülküli tomaşalar görkezilýär. Şeýle gyzykly oýunlar Balkanabat şäherindäki çagalar baglarynda, mekdeplerde, şeýle-de Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Balkan welaýat döwlet drama teatrynda şowly geçip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Bu bolsa artistleriň zähmetiniň ýerine düşendigine şaýatlyk edýär.
– Biz birnäçe günläp kenarýaka Türkmenbaşy şäherinde hem bolup, sahna oýunlarymyz bilen çykyş ederis. Welaýatyň teatr muşdaklarynyň hoşallyklary bolsa teatrymyzyň artistlerini täze eserler döretmäge, şonuň ýaly-da mundan beýläk hem has-da döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar-diýip, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň administratory Allaguly Gurbanow biziň bilen gürrüňdeş bolanda aýtdy.