Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Konstitusiýa we Döwlet baýdagy mizemez mukaddeslik» mowzukly sergi açyldy.
Serginiň maksady ýurdumyzyň Esasy Kanunyň we Döwlet baýdagynyň türkmen halkynyň şöhratly geçmişi, häzirki bagtly güni we ýagty geljegi bilen baglanyşykly mukaddes nyşanlardygyny görkezmekdir. Çünki olar watançylyk duýgularyny döretmek, halkyň agzybirligini berkitmek bilen, onuň goşa buýsanç çeşmesi bolup hyzmat edýär.
Bütin dünýäde buýsanç bilen parlaýan Döwlet baýdagymyz ýurdumyzyň ähli gazananlarynyň we halkara abraýynyň nyşanydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurduň ähli ugurlarda gazanan üstünlikleriniň, halkyň abadan we asuda durmuşynyň, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň kanuny kepili bolup hyzmat edýär. Esasy Kanun demokratiýanyň umumadamzat kadalaryny, parahatlyk, ynsanperwerlik we durnukly ösüş ýörelgelerini özünde jemleýär.
Sergide Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Galkynyş ýadygärlikleriniň suratlary, şeýle hem muzeýiň gaznalaryndan alnan milli medeni mirasyň dürli nusgalary – şaý-sepler, küýzeler we şuňa meňzeş gymmatlyklar goýlupdyr.
Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň il ýaşulusy we hormatly žurnalisti Gurbannazar Orazgulyýew, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň baş ylmy işgäri Aýgözel Nurlyýewa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy Dilber Hekimowa, şeýle hem Adalat ministrliginiň we Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Arkadag şäheri boýunça müdirliginiň wekilleri gatnaşdylar.