Ï Aşgabat şäheriniň güni dabaralara baý baýramçylykdyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat şäheriniň güni dabaralara baý baýramçylykdyr

view-icon 3712
Aşgabat şäheriniň güni dabaralara baý baýramçylykdyr
camera-icon
Wýaçeslaw Sarkisýan

Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanan türkmen suratkeşleriniň döreden suratlarynyň we heýkelleriniň sergisi guraldy.

Aşgabat ýurdumyzyň baş şäheridir. Bu ýylky Aşgabat şäheriniň güni ýurdumyzda bellenilýän beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna gabat geldi. Bu tema häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň durmuşynda hem möhümdir. Suratkeşler öz suratlarynda şahyr bilen onuň nesilleriniň arasyndaky aýrylmaz baglanyşygy görkezmäge synanyşýarlar.

Şeýlelikde, Şemşat Babaýewa «Ýadygärlikde» atly eserinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňünde goşgy okap duran adamy diňleýän bir topar kişini şekillendirdi. Onuň Magtymguly Pyragynyň goşgularyny okaýandygy, bu surat bilen gyzyklanýan tomaşaçylaryň hemmesine düşnüklidir.

Gülsenem Ataýewa «Kitaphana» atly eserinde şahyryň heýkeliniň öňündäki okyjylary şekillendiripdir. Kitaphanada aýawly saklanýan kitaplardan paýhasly pikirleri susup alýan çagalaryň okap oturan otagynda Magtymguly Pyragynyň özi bar ýaly duýulýar.

Suratkeş Rahym Annanurow köp öwüşginli Aşgabat agşamynda bagtly ýaş maşgalany suratlandyrypdyr. Surat «Maşgala» diýlip atlandyrylýar. Onda häzirki döwür bagtly geljek bilen birleşýär. Şeýle ýakymly şertlerde ulalan çagalar muny adaty zat hökmünde kabul edýärler. Çagalar häzirki ýaşaýan şäheriniň öňki döwürde düýbünden başgaça bolandygyny bilenoklar.

Şäher temasyny has aýdyň açýan suratlardan biri Aýlar Baýramowanyň «Halypa» eseridir. Aşgabat ýadygärliginiň golaýynda ýerleşýän «Aşgabat» seýilgähindäki oturgyçda atalary öz agtyklary bilen küşt oýnunda bäsleşýärler. Gyzykly akyl-paýhas oýnuny ýaşuly bäsdeşi bilen oýnamak çagalary has-da begendirýär. Olaryň haýsysynyň bu ýaryşda ýeňiş gazanjagy möhüm däl, esasy zat, atanyňam, agtyklaryňam oýundan uly lezzet almagydyr.

Aýbölek Ojarowa sergi üçin «Arkadag şäheri» atly suratyny hödürledi. Suratlaryň köpüsinde Aşgabadyň çalt gurluşygy şekillendirilýär. Günsaýyn paýtagtymyz has owadan keşbe girýär. Üç onýyllygyň dowamynda şäher tanalmaz derejede üýtgedi. Şonuň üçin Aşgabat şäheriniň güni Garaşsyz Türkmenistanyň durmuşynda bolup geçen üýtgeşmeleri görkezýän aýratyn baýramçylykdyr.