Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi, Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezi, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi we Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebi «Bäşim Nuralynyň uçgunlary – Bagtyýar ýaşlar» atly döredijilik sergisini guradylar.
Sergide Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiň okuwçylarynyň sungat eserleri görkezildi. Serginiň düzümine ýaş suratkeşleriň 380-den gowrak suratlary, grafik işleri, halylar, keramika önümleri, heýkelleri we gobelenleri girýär. Sungatyň dürli žanrynda ýerine ýetirilen eserleri milli däp-dessurlary, tebigatyň gözelligini, oba durmuşyny, asuda ýurdumyzyň we ak mermere beslenen paýtagtymyzyň gündelik durmuşyndan gyzykly sahnalary beýan edýärler. Birnäçe eserler şu ýylyň esasy wakasyna ‒ Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuna, şeýle hem türkmen edebiýatynyň beýleki tanymal wekillerine bagyşlanypdyr.
Olaryň arasynda Aýlar Hojaýewanyň «Türkmen sährasy», Gülruh Gulyýewanyň «Milli mirasymyz», Merjengül Hojagulyýewanyň «Magtymguly Pyragy», Leýli Durdyýewanyň «Toý», Alypälwan Hudaýberenowyň «Baba Annaýew», «Babasary Annamyradow», «Berdinazar Hudaýnazarow», «Kerim Gurbannepesow», «Alty Garlyýew», «Artyk Jally», «Aýhan Hajyýew» we beýleki gyzykly eserleri bar.
Türkmenistanyň Halk suratkeşi, milli medeniýetimiziň taryhyna ilkinji türkmen suratçysy hökmünde giren Bäşim Nuralynyň adyny göterýän çeperçilik mekdebiniň okuwçylary ýurdumyzyň ösüp barýan nesliniň zehinli wekilleridir. Olaryň eserleri diňe bir Türkmenistanda gyzyklanma döretmek bilen çäklenmän, eýsem, halkara ýaş suratkeşler sergilerinde ýokary bahalara mynasyp bolýarlar. Olar dünýäniň köp ýurtlarynda ‒ Hindistanda, Wengriýada, Polşada, Çehiýada, Russiýada, Serbiýada, Germaniýada, Finlýandiýada, Ýaponiýada, Bolgariýada, Türkiýede, GDA ýurtlarynda sergilere çykaryldy we hemme ýerde diýen ýaly, häzir çeperçilik mekdebinde aýawly saklanýan medallara, diplomlara, Hormat hatlaryna, mynasyp boldylar.