Ï «Daýýahatyn» Ýazmyrat Allaberdiýewiň diplom işi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Daýýahatyn» Ýazmyrat Allaberdiýewiň diplom işi

view-icon 3714
«Daýýahatyn»  Ýazmyrat Allaberdiýewiň diplom işi
camera-icon
Jepbar Garaýew

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda Türkmenistanyň döwlet medeniýet institutynyň teatr bölüminiň drama režissýory hünäri boýunça 4-nji ýyl talyby Ýazmyrat Allaberdiýewiň taýýarlan «Daýýahatyn» atly diplom işi oýnunyň gözden geçirilişi boldy.

Dramaturg Şöhrat Maşaripow «Daýýahatyn» pýesasyny türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan ‒ Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyndan alnan rowaýata esaslanyp ýazypdyr. Bu rowaýatyň aýratyn tapawudy onuň baş gahrymanlary Daýýahatyn bilen Selimhanyň garaşylmadyk özüni alyp baryşlarydyr. Wezirden Daýýahatynyň adamsyna hyýanat edendigi barada subutnamany alan hem bolsa, Selimhan aýalyny şäherden çykaryp kowmaýar, gaýta döwleti dolandyrmagyň doly ygtyýary Daýýahatynyň eline geçýändigi barada buýruk goýup, özi şäheri terk edýär. Wezir beýle zatlar bolar öýtmeýär.

Ýöne indi Daýýahatyn adamsyny köşge nädip gaýtaryp getirmeli? Selimhanyň Beýik Ýüpek ýolunyň söwdagärlerine goşulandygyny bilip, Daýýahatyn ýoluň ugrunda kerwensaraý gurduryp başlaýar. Ol «Adamsy iru-giç bu kerwensaraýa geler we söýgüsini subut etmek maksady bilen, söwdagärler üçin şeýle amatly pena guranyň aýalydygyna düşüner» diýip, oýlanýar.

Asylly däbe görä, diplom işiniň görkezilişine bu ýokary okuw mekdebiniň ähli talyby gelýär, şonuň üçin-de gözden geçiriliş wagtynda zalda boş orun ýokdy. Tomaşaçylar sahnada bolup geçýän wakalara uly gyzyklanma bilen tomaşa edýärdiler. Oýunda tomaşaçylary dartgynly ýagdaýda saklaýan köp gyzykly öwrümli wakalar bar. Wagtal-wagtal bolsa dostlukly el çarpyşmalar eşidilýärdi.

‒ «Daýýahatyn» oýnuny goýmak talyp üçin diýseň kyn iş ‒ diýip, mugallym Ereş Saparowiç Hemraýew teswir berýär. – Emma Ýazmyrat Allaberdiýew, täze başlaýan režissýor hökmünde bir adamlyk «Zöhre ‒ Tahyr» oýnuny sahnalaşdyryp, ilkinji ýyllaryndan ünsi özüne çekdi. Onuň Türkmenistanyň döwlet medeniýet institutyna girmänkä özüni Ruhabat Medeniýet öýünde, Türkmen döwlet gurjak teatrynda, telewideniýede işläp, 3 sany filme režissýorlyk etmekde synap görüp, doly özüni tutan şahsyýet hökmünde girendigini-de aýtmak gerek. Şonuň üçin-de biz Ýazmyrat Allaberdiýew «Daýýahatyn» oýnuny sahnalaşdyrmagy başarar diýip umyt etdik. Oýnuň meniň garaşanymdan-da gowy çykandygyny aýtmalydyryn. Mugallym üçin bu iň uly serpaý.

‒ Aktýorlar bilen işlemek aňsatdy, sebäbi olar maňa tanyş institut talyplarydy ‒ diýip, Ýazmyrat Allaberdiýew gürrüň berýär. ‒ «Daýýahatyn» oýny, edil meniň üçin bolşy ýaly, olar üçinem diplom işidi. Eziz Taýlyýew (Selimhan), Kerim Seýitgulyýew (wezir) we Aýsenem Nazarowa (Daýýahatyn) maslahat kömegini berýärdiler. Bu oýna gatnaşan we ony goýmaga kömek edenleriň hemmesine çuňňur hoşallygymy bildiresim gelýär.