Ï Nikolaý Artýomowiç Amiýansyň doglan gününiň 90 ýyllygyna bagyşlanan konsert
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Nikolaý Artýomowiç Amiýansyň doglan gününiň 90 ýyllygyna bagyşlanan konsert

view-icon 2615
Nikolaý Artýomowiç Amiýansyň doglan gününiň 90 ýyllygyna bagyşlanan konsert
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Paýtagtymyzdaky «Türkmenistan» kinokonsert zalynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, türkmen skripka mekdebini esaslandyryjy, ussat skripkaçy we ajaýyp halypa N.A.Amiýansyň hatyrasyna bagyşlanan konserti geçirildi.

Agşamky konsert programmasy Julio Kaçininiň «Awe Mariýa» eseri bilen açyldy, ol Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewanyň, Nikolaý Artýomowiçiň okuwçylaryndan biri halkara bäsleşikleriň baýraklarynyň eýesi Aýbölek Muhyýewanyň, halkara bäsleşikleriniň diplomanty, Amiýansyň maşgala dosty, kärdeşi we egindeşi Stella Faramazowanyň ýerine ýetirmeginde sena bolup ýaňlandy. Aýdymçynyň dürli röwüşli owazy, skripkadyr fortepianonyň sazy gadyrdan Nikolaý Artýomowiç Amiýansyň ýagty ýadygärligine sarpa hökmünde dabaraly ýaňlandy.

Ussadyň şägirtleriniň biri Bahram Dolyýew bilen söhbetdeşlikde ol:

– Mekdepde okuwçylardan iň gowy skripkaçy bolsamam, näme üçin maňa «Sen mundanam köp zada ukyply» diýip, käýeseler gaharym gelerdi. Diňe konserwatoriýa okuwa girip, Nikolaý Artýomowiçiň saz çalyşyny eşidenimde, dünýäm üýtgäp gitdi, mümkin boldugyça şol derejede saz çalmak höwesi döredi – diýip, gürrüň berdi.

Nikolaý Artýomowiç özi hakda gürrüň edende, skripkaçylaryň bäsleşiklerinde baýrakly orunlary eýelese-de, zehinli talyplara saz çalmagy öwretmekden lezzet alýandygyny ir düşünipdi. Onuň mugallymçylyk zehini sazandalyk zehininden rüstem geldi. Talyplar Amiýansyň okadýan toparyna düşseler özlerini bagtly hasaplaýardylar.

Nikolaý Artýomowiç Amiýans mylaýym, sypaýy we zehinli mugallym hem kärdeş hökmünde ýatda galdy. Onuň tutuş ömründe ussat bilen ýakyn gatnaşykda bolanlaryň hemmesi oňa söýgi we mähirli garaýardylar, ol bakyýete gidenden soňam olaryň ajaýyp halypa hormat-sarpasy kemelmedi. Bu konsert ussadyň halan eserlerinden düzüldi. Konsertde Nury Halmämmedowyň, Aram Haçaturýanyň, Glýugyň, Şopeniň, Bramsyň, Arno Babjanýanyň, Puççininiň, Sen-Sansyň, Mosartyň, Pýassollanyň, Gara Garaýewiň we beýleki kompozitorlaryň eserleri ýaňlandy.

Eserleri onuň söýgüli we ussady sarpalanýan şägirtleri: Aýbölek Muhyýewa, Seýran Kasimi, Bahram Dolyýew, Amiýansyň ikinji nesliniň okuwçylary – Timur Kasymow we Jemal Agajanowa ýerine ýetirdiler. Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow birnäçe gezek fortepianoda saz çaldy.

Skripka şol gün agşam sahnadan gaýtmady, bu türkmen skripka mekdebini esaslandyryjy nyşany hökmündedi. Konsertiň ahrynda Nikolaý Artýomowiçiň gyzy Irina Amiýans kakasynyň hatyrasyna hormat goýmaga gelenleriň hemmesine hoşallyk bildirdi we kakasynyň okuwçylaryna siňdiren gujur-gaýratydyr zehininiň Türkmenistanyň abraýyna hyzmat etjekdigini belledi.