Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde 11–15-nji iýun aralygynda Bişkek II halkara kinofestiwaly geçiriler.
Merkezi Aziýa bäsleşiginiň maksatnamasynda Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň kinorežissýorlarynyň 11 filmi görkeziler.
Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi Bişkekde Sahysalyh Baýramowyň «Daragt» çeper filmini görkezer. Halkara kinofestiwallaryň ençemesine gatnaşyp, baýraklara mynasyp bolan türkmen režissýorynyň surata düşüren çeper filmi tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy.
Filmde ýaş aktýorlar, Türkmenistanyň at gazanan we halk artistleri surata düşdüler. Baş rollarda Şemşat Kasymowa, Turan Gurbanowa, Aýdogdy Sopyýew, Ýolaman Nurymow, Muhammetguly Kasymow, Oguljahan Kulyýewa çykyş etdiler.
«Daragt» filminiň festiwalyň bäsleşik maksatnamasyna gatnaşmagy kinoforumyň myhmanlaryna we oňa gatnaşyjylara türkmen halkynyň medeniýeti, taryhy we mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer. Merkezi Aziýa filmleriniň görkezilişi Brodweý kinoteatrynda (Aziýa Mollda) geçiriler. Filmleriň görkezilişi tölegsiz.
Şu ýyl Gyrgyzystanyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we Bişkek şäher häkimliginiň goldawy bilen guralan bu festiwal Gara-Gyrgyz awtonom oblastynyň döredilmeginiň 100 ýyllygyna bagyşlanýar.
Kinofestiwala 26 ýurtdan 200 töweregi kinematograflar gatnaşar diýlip çaklanylýar. Kinofestiwalyň çäklerinde dürli ussatlyk sapaklary, şeýle hem baýrakly kinotaslamasy bilen tanyşdyrylyş geçiriler.