Ï Medeniýet hepdeligine bagyşlanan sergi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeniýet hepdeligine bagyşlanan sergi

view-icon 3013
Medeniýet hepdeligine bagyşlanan sergi

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde iýun aýynyň 3-nji ongünlüginde dünýäniň iň kämil innowasion tehnologiýalary ornaşdyrylan Arkadag şäherinde geçiriljek medeniýet hepdeligine, şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet we sungat ruhubelentligiň çeşmesi» atly giň göwrümli sergi öz işine başlady.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň iň şanly wakalarynyň biri bolan bu hepdeligiň hem-de goşa baýramçylygyň çuňňur mazmunyny açyp görkezýän serginiň açylyş dabarasyna medeniýet we sungat ulgamynyň dürli pudagynyň wekilleri, bagşy-sazandalar, döredijilik işgärleri, şonuň bilen birlikde sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hünärmenleri gatnaşdylar we öňde duran baýramçylyk hem-de serginiň açylmagy mynasybetli gutlag sözlerini beýan etdiler. Dabaranyň dowamynda bagşy-sazandalaryň söz äleminiň ussady Magtymguly Pyragynyň goşgularyna aýdan aýdymlary bu täsirli çärä aýratyn röwüş çaýdy.

Sergide ýerleşdirilen medeni hem-de edebi mirasymyzy, milli däp-dessurlarymyzyň keşbi siňen şöhratly taryhymyzyň özboluşly dünýäsini şöhlelendirýän, beýik Magtymguly Pyragynyň döredijilik älemine seýle alyp gidýän muzeý gymmatlyklary dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen milli mirasymyzyň gadyr-gymmatynyň, ähmiýetiniň näderejede beýikdiginiň subutnamasyna öwrüldi.

Şeýle hem bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nusgawy şahyrymyz beýik Pyragynyň aňyýet ummanyny boýlaýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly çuňňur mazmunly goşgusynyň görnükli ýerde ýerleşdirilmegi sergä aýratyn mazmun çaýýar. Sergide akyldar şahyryň nesil daragtynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda saklanylýan golýazmalardaky goşgularynyň we olaryň türkmen elipbiýine geçirilen görnüşleriniň suratlarynyň ýerleşdirilmegi hem bu ýere gelýänlerde aýratyn uly gyzyklanma döredýär. Medeniýet hepdeligine we medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň baýramçylygyna bagyşlanan sergi barada geçirilen tegelek stoldaky söhbetdeşlikde hem söz äleminiň ussady Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi barada giňden söz açyldy.