Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, ony döwrebap derejede kämilleşdirmek, bu ugra zehinli ýaşlary giňden çekmek maksady bilen, eziz Diýarymyzda çäksiz möçberli täsirli çäreler durmuşa geçirilýär. Munuň özi, ýaş nesliň kalbynda halkymyzyň köklerini gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan aýdym-saz sungatyna bolan höweslerini, söýgi-buýsançlaryny has-da artdyrýar.
Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynda guralan «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň welaýat derejesindäki jemleýji tapgyram onuň aýdyň güwäsine öwrüldi. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 33 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän bäsleşik aýdym-saz muşdaklary üçin has ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary peşgeş berdi. Şonuň ýaly-da bäsleşigiň dowamynda welaýatyň şäherleridir etraplarynda deslapky tapgyrlarda öňe saýlanan ýaş bagşy-sazandalaryň çeper döredijilik ussatlygy gözden geçirildi.
Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp dabaralarynyň, şanly wakalarynyň üstüni ýetiren özboluşly sungat baýramçylygy onuň ähmiýetini hasam artdyrdy. Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýet we sungat ulgamyny nusgalyk derejede ösdürmek hakyndaky irginsiz tagallalaryndan ruhlanan zehinli ýaş bagşy-sazandalar bäsleşige has taýýarlykly gelendiklerini subut etdiler. Olar halk aýdym-sazlaryny, mukamçy kompozitorlaryň döreden eserlerini ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň, talapkär emin agzalarynyň öňünde özleriniň döredijilik ukyplaryny, zehinlerini açyp görkezdiler. Hoş owazlara beslenen çykyşlaryň ählisi tomaşaçylar tarapyndan şowhunly, dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Ýaşlaryň ýerine ýetirijilik ussatlygy, sahna medeniýeti, milliligi, çeperçilik derejesi talapkär emin agzalarynyň adalatly bahasynda möhüm orun eýeledi.
Netijede, bäsleşigiň jemleýji tapgyry tolgundyryjy, täsirli pursatlara baýlygy bilen tapawutlandy. Şeýlelikde, bäsleşige gatnaşan 18 – 35 ýaş aralygyndaky bagşy-sazandalar onuň şertlerine laýyklykda, iki bagşy we iki sazanda ýeňijiler diýlip yglan edildi. Has takygy, ýaş bagşylardan Balkan welaýatyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Nurberdi Gulow (Türkmenistanyň halk bagşysy Nurberdi Gulowyň at dakylan çowlugy-awtor), Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyby Sahydursun Mätiýewa, sazandalardan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Öwezgeldi Gutlyýew, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Dawut Gulbaýew ýeňiji bolup, olar «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň paýtagtymyzda geçiriljek döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Şeýle-de ýeňijilere sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy hem-de jemleýji bäsleşikde üstünlikler arzuw edildi.