Ï Medeniýet – halkyň ruhy baýlygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeniýet – halkyň ruhy baýlygy

view-icon 2859
Medeniýet – halkyň ruhy baýlygy
camera-icon
Ahmet Öwezmuhammedow

Medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Medeniýet – halkyň ruhy baýlygy» atly serginiň açylyş dabarasy boldy. 

Bu ýyl medeniýet işgärleriniň baýramy diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da giňden bellenilýän beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna gabat geldi. Şonuň üçinem serginiň aglaba bölegi beýik şahyryň döredijiligine bagyşlanýar. Sergide onuň goşgular ýygyndylary, golýazmalarynyň nusgalary, döredijiligi bilen baglanyşykly edebiýat, beýik akyldaryň portretleri we heýkelleri görkezilýär. Magtymguly Pyragy çagalykdan şaý-sepler ýasapdyr, şonuň üçinem serginiň guramaçylary Döwlet muzeýiniň gorlaryndan gadymy kümüş şaý-sepleri görkezmegi niýet edindiler. Mundan başga-da, sergide beýik şahyryň ýaşan we döreden döwrüniň gadymy halylary we öý goşlary görkezilýär.

Serginiň ikinji bölümini türkmen suratkeşleriniň Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklerini şekillendirýän suratlary bezedi. G.Töräýewiň «Köneürgenç», G.Nurlyýewiň «Astanababa», «Soltan Sanjar», «Şirkebir aramgähi» we «Zergär» suratlary bar. Türkmenistanyň halk suratkeşi Çary Amangeldiýewiň «Rodoguna» atly türkmen milli lybasly parfiýaly gyzy şekillendirýän üýtgeşik suraty ünsi özüne çekýär. Ýaş nakgaşlar G.Ýazmuhammedowanyň «Milli gymmatlyklar», Ş.Rejebowyň «Gadymy senet» we beýleki işler hem görkezilýär.

Hersi özboluşly manyly, bahar paslynyň gülleri şekillendirilen keşdeli gyzyl, ýaşyl, sary reňkli kürteler, tahýalar, bukjalar ýaly zenan lybaslaryna aýratyn orun berlipdir. Gadymy şaý-sepler zenanlaryň milli lybaslary bilen baglanyşdyrylýar. Olaryň arasynda gülýaka, aýhalkalar, eginlik, tumar, goşa asyk – örme bezegi, dört hatar bilezikler we beýlekiler bar.

Serginiň üçünji bölümi halk saz gurallaryna bagyşlanýar. Ýörite münberde türkmen halkynyň ähli milli baýramçylyklarynyň esasy bezegi bolan dutar, gyjak, gargy tüýdük we deprek goýlupdyr. 

Jahan Atdaýewa, 
Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ylmy işgäri