Ï Meşhur türkmen aýdymçylarynyň hormatyna aýdym-saz festiwalynyň ýörite baýraklary döredildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Meşhur türkmen aýdymçylarynyň hormatyna aýdym-saz festiwalynyň ýörite baýraklary döredildi

view-icon 3534
Meşhur türkmen aýdymçylarynyň hormatyna aýdym-saz festiwalynyň ýörite baýraklary döredildi

Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly Moskwa Halkara sungat festiwalynyň guramaçylyk komiteti geçmişde galan görnükli türkmen aýdymçylarynyň hormatyna birnäçe ýörite baýrak döretdi. 

Festiwalyň sungat direktory Mamed Guseýnowyň žurnalistlere aýtmagyna görä, Medeniýet (Maýa) Şahberdiýewa adyndaky «Nury Halmämmedowyň wokal eserlerini iň gowy ýerine ýetirendigi üçin» atly baýrak kompozitor bilen bilelikde işlän meşhur aýdymçynyň hormatyna döredildi. Kompozitor birnäçe eserini, şol sanda wokal sungatynyň şa eseri bolan «Hirosima we Nagasakiniň çagalarynyň soňlanmadyk aýdymlary» atly wokal toplumyny-da şu aýdymça bagyşlapdy.

Medeniýet (Maýa) Şahberdiýewa aramyzdaka, A.A.Alýabýewiň meşhur «Bilbil» romansyny ajaýyp suratda ýerine ýetirenligi üçin «altyn ses» we «türkmen bilbili» adyna mynasyp bolan beýik sowet türkmen opera aýdymçysydyr.

Maýa (Mamajan) Kulyýewa adyndaky «Milli medeni däp-dessurlara esaslanýan kamera eserini iň gowy ýerine ýetireni üçin» diýen baýrak bolsa türkmen medeniýetiniň rowaýaty we buýsanjynyň hormatyna döredildi. Maýa (Mamajan) Kulyýewanyň adyny Aşgabatdaky Türkmen milli konserwatoriýasy göterýär, ol ýerde meşhur aýdymçynyň ýadygärlik muzeýi-de bar.

Medeniýetdir sungatyň, hünär biliminiň ösüşine saldamly goşant goşan görnükli opera aýdymçylarynyň, SSSR-iň we Türkmenistanyň halk artistlerini hatyralaýan baýraklar ýaş aýdymçylaryň işjeňligine itergi bermek üçin döredildi. Bu baýraklar ýylda bir adama berler. Baýraga dalaşgärler «Wokal sungaty» ugry boýunça «Dutaryň owazy» sungat festiwalynyň çäginde geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerinden saýlanar. Bäsleşigiň ýeňijileri – baýrak alanlar üçin ilkinji baýrak gowşurylyş dabarasy, eýýäm şu ýyl, 2024-nji ýylda Nury Halmämmedowyň adyny göterýän «Dutaryň owazy» atly Halkara sungat festiwalynyň dabaraly konsertinde bolup geçer.

Festiwalyň guramaçylyk komiteti Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly VIII Halkara sungat festiwalynyň çäginde milli medeni däp-dessurlara esaslanýan akademiki aýdym-sazlary iň gowy ýerine ýetirmek üçin dürli ugurlara degişli sazandalaryň bäsleşigine gatnaşmak baradaky arzalaryň 2024-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli kabul edilýändigini ýatladýar.

Anyk maglumat şu salgyda: dutar-sounds.ru